Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Watanym — buýsanjym, halkym — guwanjym, eziz Arkadagym — köňül daýanjym» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşünje taýdan kämilleşmegine ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde şertler döredilýär.
Üstümizdäki ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda eden taryhy çykyşynda: «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir» diýen ajaýyp sargydyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň kalbynda «Halk, Watan, Gahryman Arkadag» diýen üç mukaddesligiň bir bitewüligini ör-boýuna galdyrmak maksady bilen, bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybarat bolup, taýýarlanan makalalar publisistik žanrynda ýazylmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar bäsleşigiň yglan edilen gününden başlap, öz taýýarlan publisistik makalalaryny, şeýle-de özleri hakdaky maglumaty elektron nusgada «Nesil» gazetiniň elektron poçtasyna iberip bilerler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanar. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji baýraklar gowşurylar. Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk toýumyzyň bellenýän günlerinde jemlener. «Watanym — buýsanjym, halkym — guwanjym, eziz Arkadagym — köňül daýanjym» ady bilen geçiriljek döredijilik bäsleşiginde size uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Bäsleşige hödürlenen işleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýy, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 38-61-57.
«Nesil» gazetiniň elektron salgysy: nesilgazeti.tm@gmail.com
“Nesil” gazeti,
21.05.2019ý.