Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän
«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär.
Bäsleşige 17-35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Birinji tapgyr: Türkmenistanyň ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden döwlet we iri-medeni çärelere işjeň gatnaşyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we SMS seslenmeler arkaly saýlanan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran, ýaş zehinli aýdymçylaryň, emin agzalarynyň saýlamagynda iň köp ses alan 30 sanysy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ikinji tapgyr: Emin agzalar tarapyndan iň köp ses alan 30 sany ýaş estrada aýdymçylarynyň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleri saýlanylyp alnar.
Saýlanan 20 aýdymçynyň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän SMS seslenmelerine esaslanyp, şolaryň iň köp ses alan 10 (on) sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň birinji tapgyry 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 1-5-i aralygynda, ikinji tapgyry 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 10-15-i aralygynda, jemleýji tapgyry bolsa, 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 20-sine geçiriler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky Milli drama teatrynda geçiriler we oňa ikinji tapgyrda iň köp SMS seslerini alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde, bir aýdymy bolsa, sazsyz ýerine ýetirerler. Her çykyşdan soň, emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini aýdarlar. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň esasynda hem-de öň SMS seslenmelerini iň köp toplan aýdymçy hem bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen hormatly ada, onuň göçme nyşanyna, diplomlaryna, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda gazanylan üstünlikleriň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mukaddeslikleriň, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleriniň, arassa ahlaklylygyň, päk söýginiň waspy bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdymlarynda öz beýanyny tapmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85;
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi: 44-00-74; 44-00-11; 48-96-82;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti: 44-22-22; 44-20-11.
“Nesil” gazeti,
28.05.2019ý.