«Sport — kämillige tarap badalga» atly bäsleşik

 

 

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi

tarapyndan ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady esasynda

sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek «Sport — kämillige tarap badalga» atly bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

I.Bäsleşigiň maksady:

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän hem-de ony giňden wagyz edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, sagdyn ýaş nesilleriň kemala gelmegine uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda guralýan giň gerimli köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri ruhubelentligi döredip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlaryň sanyny barha artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir! Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hemde has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!» diýip nygtaýar. Şeýle sargytlary we paýhasly nesihatlary kalbynda göterýän ýaşlar sporty özleriniň durmuş ýörelgesine öwürýär.

Milli Liderimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, halkymyzyň arasynda ony wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaş nesilleriň arasynda giňden ornaşdyrmak baradaky sargytlaryny durmuşa geçirmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilelikde işlemeýän ýaşlaryň arasynda «Sport — kämillige tarap badalga» atly sportuň dürli görnüşleri (küşt, düzzüm, ýaglyga towusmak, suwda ýüzmek, kiçi futbol, tanap çekmek, uzynlygyna bökmek, tennis topuny uzaklyga zyňmak, 100 metr aralyga ylgamak, stoluň üstünde oýnalýan tennis) boýunça bäsleşigi yglan edýär.

II.Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Şu düzgünnama metbugatda hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň yashlar.gov.tm elektron saýtynda çap edilen gününden soňra bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyry 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda geçiriler. Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden her sport görnüşleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijiler 2019-njy ýylyň awgust aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we degişli edara-kärhanalary guramaçy bolup çykyş edýärler.

III.Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek:

«Sport — kämillige tarap badalga» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan düzülen eminler topary kesgitlär.

«Sport — kämillige tarap badalga» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet hem-de ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanarlar. Olara sport ulgamynda zähmet çekmäge hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girmäge mümkinçilik dörediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85;

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi: 92-36-01;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi: 39-48-20.

“Nesil” gazeti,

27.07.2019ý.