Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan düzülen zehinli toparlaryň arasynda geçiriljek
«Akyl giňişligi ýaşlar bilen» atly telebäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
1. Umumy düşündirilişi:
1.1. Bu resminama «Akyl giňişligi» bäsleşiginiň şertlerini beýan edýär, şeýle hem käbir terminleri kesgitleýär.
1.2. Möwsümiň başynda gatnaşyjy toparlar çagyrylyp, bije görnüşinde garşydaş toparlary saýlanar. «Akyl giňişligi» boýunça bäsleşik toparlaryň arasynda geçirilýän sowal-jogap arkaly duşuşyklardan durýar. Her tapgyrda 2 topar gatnaşýar. «Akyl giňişligi» bäsleşigine gatnaşyjy toparlardan daşary olaryň wekilleri (sowallara jogap bermäge hukuksyz işgär, synçy) gatnaşyp biler.
1.3. Bäsleşige gatnaşýanlaryň sany her toparda 6 agzadan köp bolmaly däl. Eger bäsleşik geçirilmeginiň öňünden 3 tarap (toparyň özi, garşydaş topary, alypbaryjy) bolup düzgünnama üýtgetme girizilmedik bolsa, onda bäsleşigiň geçirilýän wagty toparyň agzasyny çalyşmak gadagan edilýär.
2. Duşuşygyň geçirilişi:
2.1. (Saýlama tapgyrlar üçin) Bäsleşigiň her sanynda 2 topar gatnaşyp biler. Bäsleşigiň her sanynda 10 sowaldan (her jogap üçin 1 utukdan ybarat bolan 1 oýun bolar). 1-nji orny eýelän topar bäsleşigiň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňilen toparlar bäsleşikden çykarylar.
2.2. (Çärýek final üçin) Çärýek finalda saýlama tapgyrlarda ýeňiş gazanan toparlaryň arasynda duşuşyk (çärýek finalynyň her sanynda 2 topar bilen) bolar. Çärýek final boýunça bäsleşigiň her sanynda 10-njy utuga çenli sowallardan ybarat bolan 1 oýun bolar.
Çärýek finalyň her sanynda 2 saýlama tapgyrda ýeňiji bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan düzülen zehinli toparlaryň arasynda duşuşyklar guralar we ýeňiji bolan topar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňilen toparlar bäsleşikden çykarylar.
2.3. (Ýarym final üçin) Bäsleşigiň her sanynda 15 sany sowaldan ybarat bolan 1 oýun bolar. Ýarym finalyň her sanynda 2 çärýek finalda ýeňiji bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan düzülen zehinli toparlaryň arasynda duşuşyk guralar we ýeňiji bolan topar finala gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňilen toparlar bäsleşikden çykarylar.
2.4. (Final üçin) Finalda 1 duşuşyk bolar, ýagny 25 sowaldan ybarat bolan 1 oýun bolar. Oýnuň barşynda eger haýsydyr bir topar utuk sany boýunça garşydaşyndan üstün çyksa, onda duşuşygy jemlenen hasaplap bolar.
2.5. Sowallaryň sanawy ýa-da duşuşygyň soňlanmagy düzgünnama laýyklykda bolmalydyr.
2.6. Bäsleşigiň maksady sowala dogry jogaby tassyklanan wagtyň dowamynda bermekden ybarat. Her bir topar sowala yzygiderlilikde jogap berip biler, ýöne bir wagtda däl. Berlen sowala her topara diňe bir jogap bermäge mümkinçilik berilýär.
2.7. Sowallary alypbaryjy berýär, alypbaryjynyň özi hem jogabyň dogry ýa-da nädogrudygyny yglan edýär.
2.8. Haçan-da alypbaryjy duşuşygyň netijelerini yglan edende, duşuşyk tamamlanan diýip hasap edilýär.
— Bäsleşige 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler.
— Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi guramaçy bolup çykyş edýär.
— Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölümi: 44-88-85;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy: 44-24-91;
Elektron salgylary: akylginishligi@gmail.com