Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Mejlisiň Başlygyny çagyrdy. Ol milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky maslahaty, kabul edilen kanunçylyk namalary hakynda habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halk hojalyk toplumynyň öňünde goýan wezipelerine, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Radioýygylyk spektory hakynda», «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekip, obasenagat ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologiýa hem-de bu işlere täzeçillikleri, nouhaulary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmek boýunça çäreleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra söz berlen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta hasylyny ýygnamak, möwsümleýin çäreleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli we bellenilen möhletde geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildirip, munuň sebäbiniň nämedendigi bilen gyzyklandy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary çykyş edip, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Brýusselde bolandygyny hem-de duşuşyklaryň birnäçesini geçirendikleri barada hasabat berdi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendigini belledi we anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi göni aragatnaşyk boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, abadanlaşdyrmak, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şol sanda ýollary, seýilgäh zolaklaryny, binalary döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ol paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen taslamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtmak bilen olara garamak baradaky haýyşyny aýtdy we hormatly Prezidentimizi gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylygy we arassaçylygy berjaý etmek meseleleriniň berk gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyny belläp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna we beýleki halkara çärelere taýýarlyk görmegiň aýratyn möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

25.10.2018ý.

Meňzeş habarlar