Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web saýty 

http://migration.gov.tm/tm/

Biz barada: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. Gullugyň ygtyýarlygyna

Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak we olaryň hasabyny ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek çakylyk hatlaryny hem-de wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, işlemäge rugsatnama resmileşdirýär. 2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. 2008-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Halkara ülňelerine laýyk gelýän (IKAO) Türkmenistanyň raýatlaryna Biometrik maglumatly pasport resmileşdirilip başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýat müdirliklerinde we Aşgabat şäherinde hem-de etrap, şäher bölümlerinde Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlar resmileşdirilýär.
 
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312 38-00-11; 

Redaksiýanyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitrap Türkmenistan şaýolynyň 18-nji jaýy.

Meňzeş habarlar