Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdy
7-nji noýabrda ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy we bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi birnäçe bölümden ybarat täze sergi bilen tanyşdyrdy. Onda ýurt Baştutanymyzyň dürli ýyllarda neşir edilen we ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary ýurt okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kitaplary esasy orun eýeleýär.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belläp, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländiklerini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýy bar.
Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz kitabyň çagalykdan edep-terbiýe bermekde ähmiýetiniň bardygyny belläp, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalaryň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydygyny aýtdy.
«Kitap bilimleriň çeşmesidir» diýlip atlandyrylýan bölümde dürli ugra, şol sanda ylmy işlere we okuw gollanmalaryna degişli köp sanly neşirler görkezilýär. «Saglygym — baş baýlygym» diýlip atlandyrylýan bölümde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işleriniň ählisi we ilatyň saglygyny goramak, şypahana-dynç alyş işini, lukmançylyk ylmyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan kitaplar ýerleşdirilipdir.
Döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeldýän, milli mirasymyza hemmetaraplaýyn aýawly garaýan, onuň sarpasyny belent tutýan döwrümizde ata-babalarymyzyň kitabyň üsti bilen nesilleri terbiýelemek ýörelgelerine aýratyn hormat bilen garamalydygymyza ünsi çekip, bu ugurda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan medeni-aň-bilim işlerini talabalaýyk derejede ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet kitaphanasynyň sergi zalynyň «Medeni miras» bölümi bilen tanyşlygyň barşynda ata-babalarymyzyň geçmişde ýaş nesli gadymy golýazmalarda beýan edilen ýokary taglymlar hem-de ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýeländigini, bu ýerde dünýä medeni mirasynyň hazynasyny baýlaşdyran kitaplar, şol sanda «Görogly» şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň neşir edilen kitaplarynyň köp asyrlaryň dowamynda halkymyzy ruhlandyrandygyny, ýaş nesli watançylyk ruhunda edermen we päk ýürekli adamlar hökmünde terbiýeländigini aýtdy.
Kitap sergiler merkezi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz edebi sergileri guramakda birnäçe pursatlary gaýtadan işlemek, olara has aýdyňlyk we aýanlyk bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Bu ýer ýaşlar, talyplar üçin söýgüli künjege öwrülmelidir. Olar bu ýerde özleri, okuwlary we dünýägaraýyşlaryny giňeltmek üçin zerur mümkinçiliklere eýe bolmalydyrlar.
Şol bir wagtyň özünde binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleri guramak üçin möhüm şertler döredilmelidir diýip, ýurt Baştutanymyz belledi hem-de häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitabyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.
Soňra milli Liderimiz Döwlet kitaphananyň baş binasynda «Türkmenşynaslyk» we sorag-jogap bölüminde döredilen elektron hasap alyş ulgamynyň işi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň agrotehniki kadalary berk berjaý etmegi netijesinde pagtanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini hem-de häzirki wagtda olary ýygnamak işleriniň üstünlikli dowam edýändigini aýtdy. Şunlukda, Ahal welaýatynyň kärendeçileriniň arzyly sepgidi eýeländigi baradaky hoş habar oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Bu ýere ýygnananlara şu günki duşuşykda aýan edilen möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
10.11.2018ý.