«Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly fotosurat bäsleşigi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly fotosuratlary düşürmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige ýaşy 14-den 30-a çenli aralykda bolan ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenjek fotosuratlar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň 22-nji fewralyna sagat 15:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň jemi 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda jemlener.

Bäsleşik baradaky doly maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdirilen.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy.

Tel.:92-56-41, faks:92-12-01.