Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygynyň döredilmegi we milli öwüşginde bolmagy möhüm talap bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur alynmalydygyny, olarda alabaýlara mahsus wepadarlygyň, edermenligiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatlylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we onuň amatly giňişlikde ýerleşmegi häzirki döwrüň talabyna we alabaý itleriniň tebigatyna kybap gelýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda onuň çägine aýlanyp gördi we toplumyň münberine çykyp, bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady we desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe toplumyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onda zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şeýle hem bu ýerde halkara ähmiýetli çäreler geçirmek üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýolugra dag etegindäki nurana ýollaryň çatrygynyň merkezinde oturdylan heýkeliň ýanynda saklandy. Ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldildi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Şükür bagşy özüniň şabram şelpeli dutary bilen türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitabynda has aýdyň beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligiň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriniň gülzarlyga öwrülmegine ünsi çekip, bu ýerleriniň arassaçylyk we ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy we ýoluny dowam etdi.