Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk hem-de ynanyşmak häzirki wagtda adamzada iňňän zerur bolup durýar, sebäbi biri-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertidir.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebit hem-de global çäklerde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine anyk goşant goşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli bu strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama olaryň örän möhümdigine şaýatlyk edýär hem-de Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde we geljekki parahatçylyk döredijilik we dörediji tejribesiniň zerurdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ilatdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşmelerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipleriň esasynda şu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň düýp manysy hem şu resminama bilen baglanyşyklydyr.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekili hanym Kristina Weýgand, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany hanym Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany, ilçi Natalýa Drozd hem-de Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çärlerinde wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň, beýleki abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň wekili Kristina Weýgand dabarany açmak bilen, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi goldamakda Halkara parahatçylyk ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini, onuň durnukly ösüşiň girewidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri türkmen tarapynyň adyndan çykyş edip, şu gün resmi taýdan badalga berilýän uly ähmiýetli syýasy waka – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli başlangyja goldaw berendikleri üçin dabara gatnaşyjylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan goldanyldy hem-de 2019-njy ýylda degişli Kararnama bilen berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal ählumumy syýasy senenamada täze senäniň – her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň peýda bolmagy tötänden däldir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň birnäçesinde, bu derejäniň ähmiýetine bagyşlanan resminamalarda, şonuň ýaly-da, biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek we Öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny ýokarlandyrmak baradaky öňe süren kararnamalarynda Bitaraplygy goldamak anyk beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, eýýäm döwletleriň 20-den gowragynyň BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna goşulmagy möhüm görkezijidir.

Parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy goldamakda Bitaraplygyň wajyp hem-de ykrar edilen gurallaryň biri hökmündäki mümkinçilikleri bu gün barha giňden goldanylýar. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmak arkaly, onuň çäklerinde bellenilen maksatlary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary eder.

Nygtalyşy ýaly, öňde durýan döwürde hemmeleriň birnäçe möhüm ugurlar boýunça tagallalary güýçlendirmegi zerurdyr.

Birinjiden, bu halkara hukugynyň pugtalandyrylmagydyr, BMG-niň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakdaky öňbaşçylyk ornunyň tassyklanylmagydyr, onuň köpugurly ygtyýarnamaly hem-de hukukly ýeke-täk gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegidir.

Ikinjiden, bu strategiki durnuklylygy saklamakdan we onuň aýrylmaz bölekleri bolan ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak işlerini goldamakdan ybaratdyr.

Üçünjiden, bu halkara terrorçylygy, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk bilen barlyşyksyz göreşmekdir. Şunda BMG-niň global terrorçylyga garşy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi aýgytlaýjy faktor bolup çykyş edýär.

Beýleki ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda jedelleriň hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, bosgunlaryň hem-de migrantlaryň meselelerini çözmekde möhüm gural hökmünde Öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we berkitmek bar.

Elbetde, wirus pandemiýasyna garşy göreşmekde hem-de onuň täsirlerini ýok etmekde halkara tagallalaryny birleşdirmek şu ýylyň möhüm wezipesidir.

Şu we beýleki global wezipeler binýatlaýyn şertde – hoşniýetli erkiň, özara ynanyşmagyň, jogapkärçiligiň hem-de öňdengörüjiligiň bar wagtynda amala aşyrylyp bilner.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem bu düşünjeleri berkitmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji faktorlaryna öwürmek erk-islegi bilen baglanyşyklydyr.

Bu ýyl başlandy we onuň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk netijeli bolar hem-de bütin dünýäde abadançylygyň, öňegidişligiň we ösüşiň bähbitlerine öz netijelerini berer diýip ynanmaga esas bar. Bilelikdäki tagallalar netijesinde işlenip taýýarlanylan Ýylyň “Ýol kartasy” islendik teklipler we başlangyçlar üçin açyk bolmagynda galýar hem-de ol üstünlikli durmuşa geçiriler.

Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň adyndan BMG-ä hem-de oňa agza döwletleriň, ýurdumyzyň bütin dünýädäki köpsanly dostlarynyň we hyzmatdaşlarynyň adyna şu günki ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar hem-de işleri üstünlikli alyp barmak baradaky arzuwlar aýdyldy.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany hanym Natalýa German hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şu günki ajaýyp waka bilen mähirli gutlady.

Hanym Natalýa German türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldap, ähli dünýä bileleşiginiň parahatçylygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna agzybirligi berkitmäge gönükdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň Başlygy jenap Wolkan Boskyryň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpuryň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy jenap Altaý Jengizeriň, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika ýurtlary boýunça orunbasary jenap Firmin Eduard Matokonyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň wideoçykyşlary diňlenildi.

Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşýan beýleki daşary ýurtlylara, şol sanda BMG-niň ýanyndaky dürli döwletleriň wekillerine söz berildi.

Çykyşlarda şu günki şanly waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de Bitarap Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny berkitmek, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp düzmek işinde umumy tagallalary birleşdirmekdäki işjeň orny nygtaldy.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän hormat goýmak gatnaşyklaryny we köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek işindäki öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti we wajypdygy bellenildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany,ilçi Natalýa Drozdyň çykyşynda Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine Bitarap Türkmenistanyň goşýan goşandyna ýokary baha berildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem iki goňşy ýurduň arasynda Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýakynda bolup geçen dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabaranyň barşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara guramalarynyň binýatlaryndaky işleri giňeltmegi goşmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň Ýol kartasy kabul edildi.

Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň we öňegidişligiň bähbidine oňyn sebit hem-de ählumumy işleri höweslendirmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek ugrunda amala aşyrýan işleri babatyndaky wajyp ornuny aýdyň tassyklaýar.