Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligine: degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek;
Altyn kölüň kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.