Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

15-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň başynda Ilçi Irfan Ahmed täze ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen bagly gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşjakdygy barada ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijeler bilen ösdürilmegi barada belläp geçdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň ulgamlaýyn häsiýeti dogrusynda nygtap, onuň Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini belläp geçdiler.

Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeliligi babatynda hem durup geçdiler. Aýratyn hem, abraýly halkara we sebit düzümleri, hususan-da, BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy.

Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny, hususan-da energetika hem-de kommunikasiýalar ulgamlary boýunça özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň we «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan» ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmed türkmen tarapyna öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.