16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipe bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Hökümetine Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny halkara giňişliginde goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz mizemez dostluga, çuňňur taryhy köklere, medeniýetleriň umumylygyna daýanýan hem-de özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilip, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gaz geçirijisi Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň has işjeň we netijeli işlemelidigini belledi.
Umumy pikire görä, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Medeniýet we sungat ulgamynda dürli derejedäki yzygiderli gatnaşyklar, özara Medeniýet günleri ylmy we döredijilik forumlar köp babatda şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.