Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri

Ilkinji ädimler ýaşlykdan başlanýar.

Ilkinji tutumlar ynamdan başlanýar.

Şeýlelikde, ýaşlara bildirilen ynam beýik geljegi gurmagyň ilkinji hem möhüm şertidir. Hut şoňa görä-de, ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň iň esasy ugurlarynyň biridir. Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýar. Şular dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEW alyp bardy.

Eziz okyjylar! Biz hem milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dabaralanýan ýaşlar syýasatyna bagyşlanan şol söhbetdeşligi size ýetirmegi makul bildik.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Ýurduň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň barha demokratiýalaşmagy özüne laýyk kanunçylyk esaslary hem-de hukuk medeniýetini talap edýär. Şoňa görä, ýurdumyzda ynsanperwerlige, halkymyzyň milli däplerine laýyklykda kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar, yzygiderli kämilleşdirilýär. Onda ýaşlar meselesine aýratyn üns berilýär. Söhbedimizi şular dogrusynda başlaýalyň!

Serdar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

– Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Şundan ugur alnyp, 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunçylyk namasy ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy we kämilleşdirilmegi babatda uly itergi berdi. Şeýlelikde, ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň kanunçylyk binýady tutuldy.

Şu ýylyň başynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy munuň üstüni ýetirdi. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz bilen dünýäniň ösen demokratik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagy we sazlaşdyrylmagy netijesinde kemala gelen milli demokratik ýörelgelerimiz jemgyýetimizde giň seslenme tapýar. Şundan ugur alnyp, bu resminama taýýarlananda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek we milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesilleri ýetişdirmäge mynasyp goşant goşmak üçin toplumlaýyn işler göz öňünde tutuldy.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Şol toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge biziň Ýaşlar guramamyz hem işjeň gatnaşýar. Dürli ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini guraýar, bäsleşikleri geçirýär. Şonuň bilen bir hatarda, Maksatnamada görkezilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ýaşlar meseleleri boýunça ygtyýarly edaralarydyr halkara guramalary bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Suraý HEMRAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy:

«Parahatlyk ýylgyryşdan başlaýar» diýýärler. Parahatsöýüjiligi, ynsanperwerligi esas edinen daşary syýasatymyzyň ähli ugurlarynda hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy hem hil taýdan kämilleşdirilýär, ähmiýeti, netijeliligi artýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, olary durmuş-sosial taýdan goldamakda we beýleki möhüm wezipeleri guramakda özara tejribe alyşmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Häzirki wagta çenli daşary döwletleriň birnäçesine guralan dostluk saparlary hem muňa şaýatlyk edýär.

Tejribe alyşmak pikiri ösdürýär, täzeliklere bolan ymtylyşy güýçlendirýär. Şoňa görä, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde türkmen ýaşlary bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Şeýle hem ýaşlarymyz halkara derejesindäki dürli bäsleşiklerdir olimpiadalara, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, üstünlikli çykyş edýärler. Görmek, tanyşmak, öwrenmek bilen dünýägaraýyş giňeýär. Giň dünýägaraýyş bolsa döwrebap, dogry pikirlenmäge, islendik meselede oňyn çözgüt tapmaga itergi berýär. Şu jähetden, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem mynasyp dowam etdirmek zerur.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Milli Liderimiz: «Biz bedenterbiýä we sporta uly üns bermek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün edýäris. Ýaşlara etjek sargydym – sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hem-de durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir» diýip, örän jaýdar belleýär. Şoňa görä, täze Maksatnamada kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda dürli görnüşli sagaldyş, bedenterbiýe we sport çärelerini guramagy, gerimini giňeltmegi maksat edinýäris. Gürrüňimizi şular dogrusynda dowam edäýeliň!

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:

– Akyl terbiýesi bilen beden terbiýesi utgaşanda, adamda ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Şoňa görä, Maksatnamanyň çäklerinde Ýaşlar guramasy, Bilim ministrligi, şeýle hem beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri», talyplaryň arasynda «Веrkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary» atly sport, «Altyn top» atly futbol ýaryşlaryny, «Biz Oguz han nesli» atly milli oýunlar boýunça bäsleşikleri, ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň türgenleriniň arasynda woleýbol boýunça «Uçýan top», basketbol boýunça «Kümüş halka» atly sport ýaryşlaryny geçirmegi meýilleşdirýäris. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýaş işgärleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilýän döredijilik we sport bäsleşiklerini dowam etdirmegi hem-de has-da kämilleşdirmegi göz öňünde tutýarys.

Mundan başga-da, «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň çäklerinde umumybilim edaralarynyň Spartakiadasyny, başlangyç we orta hünär bilim edaralarynyň arasynda sport ýaryşlaryny, ýokary hünär bilim edaralarynyň Uniwersiadasyny geçirmek bilen ýaş nesilde sporta bolan söýgini has-da artdyryp bolar. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň arasynda geçiriljek sagaldyş, sport we medeni-köpçülikleýin çäreler hem olaryň birek-birek bilen dostlaşmagyna, ukyp-zehinlerini açmaga ýardam eder. Umuman, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sport ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Danalaryň birinde şeýle pähim bar: «Iki sany ulanaýmaly söz bar bolsa, şolaryň iň oňadyny saýlaň!». Jaýdar, ýerine düşürilip, tüýs wagtynda aýdylan her bir söz adamyň durmuşa, öňde goýan belent maksatlaryna bolan garaýşyna düýpli täsir edip, ony täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan seretsek, ýaş harby gullukçylardyr işgärleriň arasynda dürli çäreleri geçirmegiň ähmiýeti has-da artýar.

Kerim MYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň hünärmeni, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy:

– Dogry belleýärsiňiz. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bu meselä aýratyn orun berilmegi-de muny tassyklaýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmaklary, jemgyýete peýdaly işlere işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolupdyr. Şoňa görä, ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, ýokary hem-de ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerinde, harby bölümlerinde «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmegiň aýratyn orny bardyr.

Taryha, däp-dessurlara, milli mirasa, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlere bolan söýgi we buýsanç watansöýüjiligi terbiýelemegiň möhüm çeşmesidir. Şundan ugur alnyp, Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda ýerli welaýat, şäher, etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine, taryhy ýadygärliklere gezelençleri guramak bellenildi. Şeýle hem ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň ýurdumyzda, daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam bermek Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini yzygiderli goldamak bilen bir hatarda, bu ugra höwesli ýaşlaryň telekeçilik işine ugrukdyrylmagyna-da aýratyn üns berýär. «Durmuşyň möhüm sapaklarynyň biri edýän işiňi näme üçin edýändigiňe düşünmekdir» diýilýär. Şonuň üçin ýaşlar bilen geljekde geçirilmeli dürli çäreleriň hatarynda ýaş telekeçilere telekeçilik işiniň ýöredilişini öwretmek, bu ugurda maslahat okuwlaryny guramak we degişli goldawlary bermek zerur. Şular dogrusynda durup geçäýeliň!

Rahymberdi KERIMOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy:

– Ykdysady ýaşaýşyň ahyrky, tebigy maksady sarp ediş bolsa-da, ykdysadyýetiň iň möhüm ýaýrawy önümçilikdir. Ol ösmese, hiç hili bazar bolup bilmez, çünki ol önümçilik harytlaryny döredýär. Ykdysadyýetiň beýleki ýaýrawlaryndaky ähli üýtgeşmeleriň açary önümçilikdäki üýtgeşmelerdedir. Şoňa görä, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuş zerurlykly önümlerdir harytlary öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Bu işe ýaşlaryň çekilmegi, ilkinji nobatda, telekeçilik işiniň nazary endiklerini öwrenmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu babatda, Maksatnamada bellenilişi ýaly, telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlaryň gerimi giňeldiler, ýaşlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin talap edilýän ukyplara eýe bolmagyna ýardam berler. Bu işler, birinjiden, telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň sanyny artdyrsa, ikinjiden, olaryň telekeçilik işini dogry guramagyny, üstünlik gazanmagyny şertlendirer.

Ýazpolat KERIÝEW:

– Elbetde, nazary bilimler işi şowly, göwnejaý amal etmek üçin çelgidir. Milli Liderimiz şonuň üçin ykdysadyýetimiziň islendik pudagynyň ösüşiniň ylma, kämil innowasiýalara daýanmalydygyny nygtaýar. Bu babatda Ýaşlar guramamyz ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça, şeýle hem dürli taslama bäsleşikleri geçirýär. Bularyň üsti bilen ýaşlar eýýäm ilkinji synanyşyklaryny, garaýyşlaryny ylmy jemgyýetçilige hödürlemäge, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik alýarlar. Bu ugurdaky işleri geljekde hem dowam etdirmek göz öňünde tutulyp, Maksatnamada oňa giň orun berildi. Geliň, bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýan talyp gyzymyzyň gürrüňini diňläliň!

Läle AŞYROWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi:

– Ýaşaýyş-durmuşymyzyň her bir bölegini kämilleşdirmek, tehnologiýalaşdyrmak bilen biz barha işjeňleşýäris. Ol hem öz gezeginde ýokary ylmy çemeleşmäni talap edýär. Şu babatda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerinde okaýan zehinli ýaşlary ylma höweslendirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ol işleriň gerimini has-da giňeltmek üçin Maksatnamanyň çäklerinde ylmy we okuw edaralary bilen bilelikde ýene-de dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şahyryň: «Golunda eýýamyň beýik işleri – türkmen ýaşlary!» diýşi ýaly, bu işlere amal etmäge biz hem işjeň gatnaşýarys.

Hususan-da, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglaryny höweslendirmek, ýaşlary bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge çekmek, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, duşuşyklara ibermek, ýaş alymlaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara ylmy maslahatlary geçirmek öz oňyn netijelerini berer. Mundan başga-da, Maksatnamada ukyply mekdep okuwçylaryny ylmy işlere ugrukdyrmak üçin ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, ýokary okuw mekdeplerinde tanymal alymlaryň, tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda halypaçylyk işini ýola goýmak we beýleki birnäçe çäreler göz öňünde tutulypdyr. Bularyň ählisi hem ylma höwesli ýaşlary goldamakda örän möhümdir. Biz – ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ukyp-başarnygymyzy görkezmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Ýazpolat KERIÝEW:

Hormatly ýaşlar! Ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty, öňde durýan wezipeler, geljekki amal edilmeli işler dogrusynda pikir alyşdyk. Nesip bolsa, Maksatnamada ýaşlar baradaky döwlet syýasaty çygrynda bellenilen maksatlary we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak arkaly ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagyna, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli ýaşlaryň kemala gelmegine mynasyp goşandymyzy goşarys. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr».