22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen şol birwagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň medeni maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergiler guralar.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dürli maksatly täze desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol birwagtyň özünde şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gözegçilik edýän welaýatlarynda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol birwagtyň özünde gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Şunda ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň möwsüme doly taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişi batly depginlerde dowam edýär.
Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada hem hasabat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdylyp, häkimler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlaryň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir.
Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, ýazky bag ekmek möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi çagyrdy.
Wise-premýer E.Orazgediýew hasabaty dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler.
Wise-premýer şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Mary welaýatynda geçirilýändigini nazara alyp, Mary atçylyk sport toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi we ýerine ýetiriljek işleriň gerimine degişli birnäçe çyzgylary we taslamalary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, Mary welaýatynda hem-de paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we bedewleriň şanyna guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Şanly senäniň hormatyna Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň 6-sy hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy guralar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolsa konkur, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa atlaryň arasynda uzak aralyga çapyşyk boýunça gyzykly bäsleşikler bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň jemleýji gününde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen topragynda şöhrat gazanan ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň arasynda at çapyşyklary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna sahna oýunlary we beýleki çäreler giriziler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, olaryň häzirki taryhy eýýamyň ruhuna kybap ýagdaýda guralmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň çäklerinde sähra giňişliklerinde erkana gezip ýören meýdan atlarynyň häsiýetlerini, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň goşandy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň, bazarlarda ýokary hilli gök, bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň ýeterlik mukdarda üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem azyk önümleriniň özümizden artýan bölegini eksporta ugratmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.