22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.
23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi.
Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.
Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.