25-nji fewralda Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, täze işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň we döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik ösüşinde Mejlisiň deputatlaryna, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine möhüm orun degişlidir.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Häzirki döwürde Mejlisiň gyssagly üstünde işlemeli we ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipeleri bolup durýan käbir kanunlar, ine şulardan ybarat diýip hormatly Prezidentimiz mejlisiň deputatlarynyň we syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde mundan-da beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar bilen jemledi.