Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni toý baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda däp bolşy ýaly ýurdumyzda her ýyl «Halkara zenanlar güni» uly dabara bilen bellenip geçilýär. Şol baýramçylyk mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda «Talyp gözeli – 2021» atly bäsleşiginiň saýlama tapgyrlary yzygiderli geçirilýär. Golaýda bu bäsleşik Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu bäsleşikde talyp gyzlar özleriniň döredijilige, sungata, millilige sarpa goýmakda şeýle-de edep-ekram gözelligini açyp görkezmekde, el işlerini ýerine ýetirmekde, aýdym, goşgy, monalog, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşige institutymyzyň fakultetlerinden jemi bäş sany talyp gyzlar gatnaşdylar. Talyp gyzlar bäsleşigiň üç şerti boýunça ýagny aýdym, goşgylaryň hoş owazly çykyşlaryň üsti bilen şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp milli tagamlarymyzyň biri bolan unaş kesip hem-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryny bolsa «Hünärim bar-hormatym bar» diýen pähimli setirlere eýerip talyp gözellerimiz özleriniň el işlerine bolan ussatlyklaryny we ukyp başarnyklaryny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler tarapyndan saýlandy we netijede 3-nji orunlara institutymyzyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Oguljeren Hudaýbergenowa we bedenterbiýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Näzik Saparowa, 2-nji orna bedenterbiýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ogultuwak Orazmyradowa, 1-nji orna sportyň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Nurana Bazarowa, sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýjahan Mämmedowa bolsa, özüniň ukyp başarnygyny sahnada ussatlarça beýan edip, talyp gözelleriň arasynda baş baýraga mynasyp boldy we «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden talyp gözellere bäsleşigi gurnaýjy guramalar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň eşretli ýaşamagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Soltanbibi SARYBAÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň sport desgalaryny dolandyrmak hünäriniň talyby.