Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Täzelikler
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar
27 Fewral 2021
10804

Meňzeş habarlar
14 Iýul 2025
| 51 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY...
14 Iýul 2025
| 46 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝANYŇ ARASYNDAKY 12-NJI...
14 Iýul 2025
| 98 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>