Hatarly kerweni şatlykdan, ýüki rowaçlykdan, sowgady şanly wakalardan doly Täze ýyl bosagamyzdan ätlemäge taýýarlanyp, gapymyzy kakyp dur. Nurana halkymyz ony müň bir arzuw, ýagşy niýet bilen garşy alýar. Oňa geçen hepdäniň şowhunly we täsirli dabaralary hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hepdäniň anna güni «Mizan» işewürlik merkezine barmagy wakalaryň naýbaşysy boldy. Aýdymlar içre beýan edilen ak arzuwlar tutuş halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň göwün guşuny arşa göterdi.
Aslynda arzuwlaryň zandy şatlyk-gülküden, on iki synasy ýagşylykdan ýasalan bolaýmasa. Ýogsa arzuw atly bu gudratly närsäniň yzyna düşülip, munça ýollar geçilmezdi. Ähli ynsan bir kökene düzülen ýaly bolup, öz arzuwlarynyň huzurynda gol gowşuryp durlar ahbetin. Ol süýjüden-süýji arzuwlar bolsa her bir adamy bagtyýarlyga besläp, geljekki durmuşynyň çyzgysyny çyzyp berýär. Ine, geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiziň sözlerine, agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Arzuw» atly Täze ýyl aýdymy ýaňlananda, şeýle şirin duýgular kalbymyzy joşa getirdi. «Mizan» işewürlik merkezini dolduryp oturan märekäni şatlyk gaplap aldy. Bu arzuwly aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň agtygy bilen bile ýerine ýetirmegi bolsa arzysyny artdyrdy. Aýdymyň üç dilde — türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýaňlanmagy bolsa halkymyzyň baky dostluk hakyndaky hekaýatlaryny has-da süýjetdi.
Göwün islegiňe görä, durmuşyň ýaz ýaly bolup güllemegem, al-elwan çeçeklere beslenmegem Allanyň eradasy bilen ynsan kowmunyň özüne bagly bolup durýar. Päk niýetler, halal zähmet, çagalara berilýän asylly terbiýe şol arzuwlaryň hamyrmaýasy hasaplanýar. Aslynda arzuwlar öz-özünden döremeýär. Ol ynsany bogunma-bogun söküp, edil tämiz çeşmeleriň dag göwsüni ýaryp çykyşy ýaly dömýär. Hiç bir adam ýöne ýerden bir zady aýdyp goýbermeýär. Her bir kelamda keramatyň bardygyna düşünýär. Kelamy keramat, niýeti gudrat türkmen arzuw edip şu günlere ýetipdir.
Bu günki gün Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýy dünýä dolýar. Mähriban Watanymyz nebit, gaz, energetika, pagta, ýüpek ýaly milli baýlyklaryň mesgeni hökmünde-de, goňşy ýurtlara dostluk goluny uzadýan ynsanperwer ýurt hökmünde-de giňden tanalýar. Syýahatçylygyň mekanyna öwrülen ýurdumyz myhmansöýerligiň naýbaşy dessurlaryna eýedir. Her bir wakany toý-baýrama besleýän türkmen halky nurana Diýarda parahat asmanyň astynda bagtyýar ýaşaýar. Gülleri gunça-gunça, nowçalary gotaz-gotaz, miweleri balmydyr şeker diýdirýän türkmen topragy bereket bolçulyga eýe. Taryhyň gatlaryndan türkmen bilen deň gadam urup gelýän bedew atlaryna basan ýerinden ot çykýan goç ýigitler münende, «toýnagyndan äleme toýlar syçrap», şan-şöhraty dünýä dolýar.
Gözel ilimiziň ajaýyp arzuwlarynyň köki eneleriň mähir-mylakatyndan emele gelipdir. Dünýäde iň arzuwçyl ynsanlar enelerdir. Her bir biten iş, döwlete sapan döwranlar ene keramaty bilen hasyl bolýandyr. Onuň perzentlerini gana-gana suwarýan ak süýdi kerem-keramatdyr. Ene ýaňyja dünýä inen bäbejigi hakdaky süýji oýlanmalary bilen barlyga jan berýändir. Ynha, balajyk birsalymdan gülüp berer — guwandyrar, biraz soňra ilkinjije ädimini ädip, gül gadamynyň düşümlidigini subut eder. Onuň dil açmagy bilen älem-jahan gürlär. Her bir sözi ýüreklere ýag ýaly damar, ene topraga melhem ak ýagyşlar ýaly bolup, kalbyňa siňer. Ine, birdenem ýigit çykanyny, ulu gyz bolup sülmüränini duýman galarsyň. Şeýdip goja dünýä täzeden juwanlyk dolanar. Ýaşlaryň zähmetsöýerligi, bilime, kesp-käre bolan höwesi diňe bir maşgalanyň däl-de, eýsem, tutuş syrgynyň, oba-kendiň guwanjyna öwrüler. Olaryň bir ýa-da iki däl-de, bäş altylap alýan medallary halkymyzyň gadymy şöhratyna şan berer. Tüweleme, şeýle halal ogullar tutuş döwletiň diregidir. Halal süýt emen diýdirýän şeýle goç ýigitlere Watanyň garamatyny hem, il-günüň rahatlygyny hem, hatda janyňy hem ynanyp bolar.
Türkmeniň arzuwy sallançakdan başlanýar diýleni çyn. Ilki ürgün-ürgün çägeleriň, depe-depe alaňlaryň arasynda dikilen garaja öýlerde ýaňlanan süýji arzuwlar her bir türkmen perzendini inilikden illige ýetirdi. Döwürleriň döwranlary halkyň ýaşaýyş-durmuşyny arşa göterdi. Indi «Türkmenimde toý bolar, hatar-hatar öý bolar» diýýän bagşynyň sesine üýşen märeke dünýä derejeli mermer binalarda ýaňlanýan ene hüwdüsini diňleýär.
Ol hüwdülerde hyýaldan hakykata öwrülen arzuwlaryň müňlerçesi ýaşaýar. Ata-babalarymyzyň apalap biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny gorap saklamak, asly halal halkymyzyň taryhy geçmişi we şöhratly şu güni, ýaş nesilleriň bagtly geljegi onuň arasyndan eriş-argaç bolup geçýär. Göwünlere ganat bekleýän ol mukamlar diňe bir halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryna goşan goşandyndan söhbet açyp oňmaýar, eýsem, dana türkmeniň akylly-başly, bilim gory ýetik, sünnä kesp-kärli ogul-gyzlarynyň halkymyzyň şanly adyny dünýä kitabyna ýazjakdygyna güwä geçýär. Inçe duýgularyň, soňlanmajak arzuwlaryň arasynda türkmen halkynyň dünýä barabar asylly we didelere nur çaýýan arzuwlary üýtgewsizdir. Ony Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren «Arzuw» atly kelamly aýdymynda has aýdyň beýan edýär.
Ogulbeg JUMAÝEWA, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
25.12.2018ý.
Sözleri Gurbanguly Berdimuhamedowyňky.
Sazy Kerimguly Berdimuhamedowyňky.
Arzuw
Durmuş neneň owadan,
Diýar neneň nurana!
Gel, Täze ýyl, şan berip
Bu döwletli döwrana.
§
Söýgi bolsun, nur bolsun
Asman-Zemin arada.
Aýdym aýtsyn ýürekler
Diňe bagt barada.
§
Göwünler çeşme-çeşme,
Birleşse derýa bolar.
Ak niýetli kalplara
Ak günler hemra bolar.
§
Ýüreklere ornasyn
Ak gülleriň aklygy!
Guşlar deý ganat açsyn
Göwünleriň şatlygy!
§
Gökde Aý-Gün şöhlesi,
Ýerde mähir şuglasy.
Şonuň bile ýol geçýär
Ömrüň hatar durnasy.
§
Asmanymyz parahat,
Dünýä dolsun owaza!
Bedew atyň badynda
Ýol uzasyn dowama!
§
Göge ýeten arzuwlar
Mydam ýerde gowuşsyn!
Ýyllar düşümli gelsin,
Toýlar toýa ulaşsyn!