ŞAN-ŞÖHRATLY WATANYM

Ýurdumyzda gadam basylýan her bir ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şol ýörelgelere eýerilip, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň we bagtyýar raýatlarymyzyň 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibi şu ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi. Milli Liderimiz halkymyzyň öňe süren teklibini goldap, bu şygaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny belledi. Şuňa laýyklykda, «2019-njy ýyly — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary kabul edildi. Döwrebap şygar sebitde durnuklylygy üpjün edýän hemişelik Bitarap döwletimiziň we asuda jemgyýetimiziň öňegidişlikleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, ähli tagallalary ösüşiň täze belentliklerine ugrukdyrmaga giň ýollary açýar. Merdana halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyryp, hoşniýetli raýatlarymyzyň ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik duýgularyny ýokarlandyrýar. Her bir adamyň ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere özüniň döredijilikli, yhlasly zähmeti bilen mynasyp goşandyny goşmaga bolan höwesini artdyrýar. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmaga ugur alan ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasion tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dolandyryjylyk tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki ösüşiň depginli ilerlemegine itergi berýär. Ýaş nesillerde gaýduwsyz pederlerimize mahsus bolan ata Watanymyza ygrarlylyk, mähriban halkymyza wepalylyk häsiýetlerini kemala getirýär. Agzybir il-ulsumyz 2018-nji ýylda hem güneşli Diýarymyzyň taryhy sahypasyna ýazylan, şan-şöhraty äleme dolan köp sanly wakalaryň şaýady boldy. Ýyldan-ýyla, ösüşlerden-özgerişlere batly gadam bilen nurly geljegi nazarlaýan ýurdumyzda binýady berkden tutulan wezipeler ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirildi. Bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar, täze obalaryň birnäçesiniň düýbi tutuldy, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalardyr binalary gurlup ulanylmaga tabşyryldy. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin ägirt uly işler bitirildi. Geçip barýan ýylyň buýsanç bilen bellenip geçilmäge degişli has esasy wakalarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilendigini aýtmak bolar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre jemgyýetimizde ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgelere esaslanýan milli demokratiýanyň ösendigini aýdyň görkezdi. Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşendigini alamatlandyrdy. Saýlawlaryň guramaçylygy halkymyzyň jebisligini, raýatlarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini hem-de ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga işjeň gatnaşýandygyny dabaralandyrdy. Şonuň ýaly-da, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Ählihalk Maslahatynda «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» kabul edilen Karar pudagyň gurluşynyň köpugurly giňeldilmegine täze mümkinçilikleri açdy. Oba hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, agrar gatnaşyklarynyň we daýhanlaryň tutanýerli zähmetiniň öňe ilerlemeginiň ygtybarly ýollaryny kesgitledi. 2018-nji ýylyň getiren hoş habarlaryndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly şeýle hem 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Rezolýusiýalaryny aýratyn bellemek bolar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan BMG-niň bu möhüm çözgütleri Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýän tagallalarynyň ählumumy goldawa eýediginiň subutnamasy boldy. Ýakymly myhmansöýerligi bilen tanalýan sahawatly Diýarymyzyň ýyl ýazgysyny şan-şöhrata beslän sport täzeliklerinden, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyran «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň döwrebap guralandygy hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň merjen paýtagtymyzda ýokary taýýarlykly geçirilendigi has-da guwançlydyr. Üstünlikli geçirilen halkara bäsleşikleri döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny ýokarlandyrdy, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky agzybirligiň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine badalga berdi. Ýokary derejede guralan halkara sport baýramlary ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň barha artýandygyny, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenendigini aýdyň görkezdi. Tamamlanyp barýan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly çuň many-mazmuna ýugrulan, akyl-paýhasa eýlenen çeperçilik ähmiýetli bezelen kitaplary halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy, köňül guşuny ganatlandyrdy. Sagdynlygyň ylmy çeşmesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik eseriniň 10-njy tomy halkymyz üçin saglyk serpaýly gollanma boldy. Şeýle hem «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriniň 11-nji tomunda ýurdumyzyň depginli ösüşleri bilen baglanyşykly maglumatlar öz beýanyny tapdy. Syýasy-jemgyýetçilik, ynsanperwer-filosofik, ruhy-ahlak garaýyşly ylmy hemde resminamalaýyn çeper eserler bolan ol kitaplar okyjylaryň ýakyn maslahatçysyna öwrüldi. Taryhy wakalara we anyk maglumatlara baýlygy hem-de täsirliligi bilen tapawutlanýan milli Liderimiziň eserleri bu gün dünýä halklarynyň dillerine terjime edilip, ykdysady ösüşlerimizi, milli gymmatlyklarymyzy we medeni mirasymyzy dünýä ýaýýar. Häzirki wagtda asylly däplere eýerýän halkymyz beýik ösüşleri nazarlap gelýän Täze ýyly zähmet üstünlikleri, sport ýeňişleri bilen ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny dabaralandyrýan bu baýramçylyk biziň ählimize şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri bilen gurşap alýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň ýyl ýazgysyny baýlaşdyryp, watandaşlarymyzy döredijilikli işlere, beýik özgerişlere ugrukdyrýar. Çagalaryň aýratyn söýgüsine mynasyp bolan, maşgala agzalaryny naz-nygmatly saçagyň başyna jemleýän Täze ýyl baýramçylygy her bir ojaga gaýtalanmajak şatlyk paýlaýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu baýramçylygyň milli däp-dessurlarymyza laýyk derejede garşylanmagy üçin ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bezelen gök arçalar töwerek-daşymyza gözellik çaýýar, olardaky dürli öwüşginli çyralar gijelerimize nur saçýar. Ruhubelent raýatlarymyzyň biri-birine ýurt parahatçylygyny, il agzybirligini, jan saglygyny, ýagşy niýetleri arzuwlap, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy Täze ýyl çäreleriniň ähmiýetini artdyrýar. Türkmeniň Altyn asyrynyň göwün göteriji şygara beslenen Täze ýyly okgunly ösüşleri maksat edinip, diňe öňe gadam urýan ata Watanymyzy üstünliklere we ýeňişlere alyp barsyn! Ak arzuwlara beslenip geljek ykbal galkyndyryjy ýyl her bir ynsanyň ýagşy umyt-arzuwlaryny hasyl etsin! Bereketli topragymyz bol hasylly, agzybir halkymyzyň beýik işleri şöhratly, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun! Türkmenistan döwletimiziň kanunylyk we demokratik ýörelgelere esaslanyp, ählumumy howpsuzlygyň hatyrasyna durmuşa geçirýän ysanperwer başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

27.12.2018ý.

Meňzeş habarlar