Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2018-nji ýylymyz taryhy wakalara beslenip ahyrlap barýar. Bu taryhy ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagy ýaş nesilleriň durmuşyna hem oňyn täsir etdi.
Halk ykbalyny özgerden ajaýyp zamanamyzyň her bir güni, her bir aýy, her bir ýyly milli senenamanyň altyn sahypalaryna zerden zerbaplanyp, taryhy wakalar bilen möhürlenýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda garşylaýan günlerimiziň gözel pursatlary bagtyýarlygyň şuglasy bolup, durmuşymyzy özboluşly öwüşgine, röwşe çaýýar. Her bir ýylymyzyň ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenmegi, merdana milletimiziň mertebesiniň belende göterilmegi gönüden-göni ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna baglydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyny bezeýän 2018-nji ýylyň hem üstünliklere beslenmegi milli Liderimiziň öňde goýýan beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň wysalyna ýetiren bu Arkadagly ýyllaryň gadyr-gymmaty, ýaşaýyş-durmuşymyza ýetiren täsiri uludyr. Bu ýylyň bir-birinden owadan pursatlary, ajaýyp wakalary biziň her birimiziň ykbalymyza siňdi. Has takygy, ýylyň başyndan döwrüň möhüm meseleleriniň halkara derejesinde üstünlikli çözülmegi we geçen döwrüň görkezijileri ýurdumyzyň özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda täze-täze kärhanalaryň gurulmagy we yzygiderli ulanylmaga berilmegi ilatymyzyň durmuş goraglylygyna, şol sanda iş bilen üpjünçiligine uly ýardam edýär. Täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisi ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleriniň netijesinde öndürilen häzirki zaman tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa önümiň ýokary hilli bolmagynyň, ýokary öndürijilikli işlemegiň zerur şertleriniň biridir. Işleriň şeýle oýlanyşykly we sazlaşykly alnyp barylmagy ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artmagyna, ykdysady ösüşleri gazanmaga, şonuň bilen bir hatarda halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.
Sagdyn we ruhubelent durmuşda ýaşaýan, zamananyň eşret-hözirini, halal zähmetiniň rehnetini görýän halkymyz bolelin durmuşda ýaşaýar. Munuň özi ýurdumyzda bazar bolçulygyny we telekeçilik pudagynyň netijeliligini alamatlandyrýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürip, ýurdumyzda hususyýetçilige aýratyn orun berýän döwletimizde milli satuw belgili önümleriň mukdary artdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek hem-de durmuşa geçirmek, ýurdumyzda kabul edilýän kararlardyr, permanlardan gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek, ülkämizde amala aşyrylýan ägirt uly tutumlarda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baş maksady.
Häzirki wagtda dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşinde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Şol sebäpli ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk derejesini kesgitlemek ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýaşlar düýpli durmuş-jemgyýetçilik görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen jemgyýetiň we döwletiň geljekki oňyn we innowasion ösüşini kesgitleýärler.
Ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen iri jemgyýetçilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy olaryň ösüşine öz täsirini ýetirip, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşikler bolsa olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň bu ýylky tapgyrynda ýaş alymlaryň onlarçasynyň ylmy işleriniň seçilip alynmagy, zähmetde we döredijilikde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň we ýaşlar toparynyň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolmaklary, döwlet derejesinde ýaş alymlaryň täze nesliniň oýlap tapyşlarynyň we ylmy gözlegleriniň netijelerini şöhlelendirýän serginiň we ylmy maslahatynyň geçirilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşiklerinde ezberleriň öňe saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» we Meýilnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň ýurdumyzda ýaşlaryň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky tassyknamasydyr.
Berkarar döwletimize aýdym bolup gelýän arzyly ýyllaryň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak bir başa bakan agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa şeýle taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Bagtyýarlygyň eýeleri bolan türkmen ýaşlary bolsa döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdýan arzyly alkyşlaryny dilden goýmaýar.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
29.12.2018ý.