Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz kämil derejedäki amaly-haşam sungatyny, şol sanda gözellikden hem mähremlikden gözbaş alan milli lybaslary döredip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma kärhanalary tarapyndan milli mata önümlerinden taýýarlanylýan egin-eşikler uly höwes bilen geýilýär. Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli ýaşululara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasady siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar.
Ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen milli matalarydyr. Geçmişde mata dokamak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Türkmen zenanlary ýörite agaç gurallarda, taralarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary dokapdyrlar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip, belläp geçýär.
Halkymyzda dokalýan ýörgünli mata bolan keteniden milli lybaslary taýýarlamak gadymdan gelýän adatdyr. Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Halk arasynda keteniniň döreýşi, onuň meşhurlygynyň syry barada şeýle rowaýat bar: «Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saradyp, onuň çöpboýadan alnan boýaga boýalan ýüpek süýüminden gyrmyzy reňkde mata dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi gudrat bilen keselinden saplanýar». Ine, şu wakadan soň ýüpekden gelşikli hem saglyk üçin peýdaly keteni matasynyň köpçülikleýin dokalyp başlanandygy barada halk arasynda gürrüňler bar. Yryma görä, türkmenlerde gyzamyk çykanda-da, näsaga gyzyl keteni geýdirilipdir.
Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, derýadan güýç, çeşmeden durulyk alan keteni solmaýar, ýuwlanda girmeýär, süýnmeýär. Şonuň üçinde gelin-gyzlaryň bezemen çabytdyr kürte, don, çyrpy, gültahýa ýaly milli lybaslary keteni matasyndan tikilip, ajaýyp nagyşlar bilen bezelipdir.
Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini ýerine ýetirmek gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-ekramydyr. Ol asyllylygyň, başarjaňlygyň, maksada okgunlylygyň, erjelligiň nyşanydyr. Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri, ýöne bir senet däldir, ol ajaýyp we gözel sungatdyr.
Tahýa gadymy başgap bolup, dürli keşdeler bilen ýerine ýetirilýär. Ony, tikiliş aýratynlygyna görä, oglanlar hem gyzlar geýýär. Oglanlaryň geýýän tahýasyna «akgaýma», gyzlaryň geýýän tahýasyna «gültahýa» diýilýär. Gyzlaryň tahýalary diňe nagyşlar bilen däl, eýsem dürli görnüşli bezegler, monjuk, gaş, alaja, çekelik, hünji bilen hem bezelipdir. Milli tahýalar keşdeleriniň örän syk gaýalyşy bilen tapawutlanyp, olar tutuş tahýanyň ýüzüni tutupdyr.
Türkmen halkynyň tahýa, börüge dakýan bezegleri örän köpdürlüdir. Şol bezegleriň hemmesi kümüşden edilip, olaryň iň naýbaşysy gupba bolupdyr. Gupba gümmez şekilinde bolup, mydama tahýanyň çür depesine dakylypdyr. Gupbany gyzlar çagalykdan başlap, tä durmuşa çykýançalar dakynypdyrlar.
Gelin-gyzlarymyzyň döreden ajaýyp milli lybaslarynyň biri-de kürtedir. Türkmen sähralarynyň ýaýylyp ýatan gyzyl gülälekli meýdanyny ýatladyp duran köz ýaly gyzyl kürteler toý güni çykjak gyzyň başyna atylýar. Kürteleriň gyzyl keteniden tikilmeginiň öz manysy bar. Gyzyl reňk şadyýanlygyň, ruhubelentligiň we geljege bolan ynamyň reňkidir.
Ezýaka biçüwli köýnekler çagalara, ýigitlere, ýaşululara niýetlenendir. Ak, gök, ýaşyl, gyzyl, mawy reňkli nah we ýüpek parçalar ezýakalaryň ýaraşygydyr. Dürli nagyşly läle-reýhan keşdeler ezýaka köýnekleriň zynaty. Şu günlerimizde nagyşly ezýaka dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan toý-baýramlarda geýilýär. Ezýaka köýnekleriniň nagyşlary ýaş aýratynlyklaryna görä keşdelenýär.
Telpek türkmen halkynyň milli aýratynlygydyr. Türkmen telpegi halkymyzyň buýsanjy we mertebesidir. Mertligiň, batyrlygyň alamaty bolan telpek türkmeniň gaýduwsyz gahrymanlarynyň hem başyny bezäpdir.
Halkymyzyň milli egin-eşikleri, ajaýyp geýim-gejimleriniň ülňüsi nesilden-nesle geçip, özboluşlylygy, inçeden nepisligi bilen halkymyzyň taryhyny we milli aýratynlygyny beýan edýär.
Ýaňyl HALNEPESOWA.