18-nji maýda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat geçirildi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar hem-de zergärler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik aýratynlyklary jemlenendir. Bu aýratynlyklary alym Arkadagymyz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem giňden beýan edýär. Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, şeýle-de el hünärine berýän ünsi barada näçe aýtsaň-da bärden gaýdýar. Çünki Ogulabat eje her keşdäni nagşa, her nagşy gözellige, her gözelligi bolsa sungat eserine öwürmegi başarýan zenandyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören alajasyny hormatly Prezidentimiz täze doglan taýlara, bedewlere dakanda her birimiz çäksiz buýsanýarys diýlip, çykyşlarda nygtaldy.
Türkmen zenanlarynyň ýerine ýetirýän örän köpgörnüşli el işleri taýýarlananda, şol sanda kürte bejerilende, olaryň biri-birinden üýtgeşik owadan nagyşlarynda, göllerinde durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly çuňňur mazmunly düşünjeler beýan edilýär.
Bularyň ählisi bolsa, ösüp gelýän nesilleri, esasan-da, geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde, hususan-da, olarda zähmet endigini kemala getirmekde, asylly sypatlary kämilleşdirmekde, edep-terbiýäni, maşgala ojagyna, ata-enä wepaly bolmak häsiýetlerini ösdürmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Bu bolsa belent adamkärçilik häsiýetlerini hem özünde jemleýär. Munuň özi belent ynsanperwerligiň, ahlak kadalaryna eýermegiň ajaýyp nusgasydyr.
Dabaraly maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.