Paýhas çuňluga aralaşdygyça, zehin belentlige galýar. Şeýdip paýhas çuňundan – ygtybarly kökden iýmitlenen zehin belent daglar ýaly alyslardan seredeniňde-de gözüňi dokundyrýar. Nesil terbiýesi hem edil şu deňeşdirme mysaly. Ata-babalarymyzyň asylly däpleri, ýagşy gylyk-häsiýetleri müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, uly edep mekdebini emele getiripdir. Şol mekdebi geçen her bir ýaşuly nesil muny mizemez durmuş kadasyna öwrüp, ony indiki ýaş nesle geçirýär, görüm-görelde bolýar.
Hawa, peder pentlerine ygrarly halkymyz «Edep bakydyr» diýýär. Edepli maşgaladan edepli perzentler örňäp-ösýär. Mälim bolşy ýaly, 27-nji maýda milli Liderimiz paýtagtymyzyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Hezreti Omar» metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi. Ýagşy dileglerden soňra döwlet Baştutanymyz her maşgalanyň özüne mahsus däbiniň bolýandygyny belläp, Mälikguly aganyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlady. Göwnaçyk, şahandaz pederleriniň bu ýaş toýunda perzentler aýdymdyr saz, goşgy bilen kyblalaryny begendirmek kararyna gelýärler. Geliň, ýatlamadan bir pursada ünsi çekeliň:
«Özümden kiçi jigim bar. Ol – gyzlaryň iň ulusy. Oňa enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady – Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi.
Ol tolgunyp: «Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar» diýdi.
Şonda kakam güldi-de: «Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris» diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi. Goşgy hemmämiziň göwnümizden turdy».
Görşümiz ýaly, ata islendik pursatda perzendine çyn howandar, hossar bolýar. Ony tolgunmakdan, aljyramakdan halas edýär, daş-töweregine ruhubelentlik paýlaýar. Muny hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş durmuş ýolunyň, perzentleriniň terbiýesine bolan çyn yhlasynyň mysalynda görmek bolýar. Çünki Mälikguly aga durky bilen beýik türkmençilik mekdebini geçen şahsyýet. Muny milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanyndaky: «Türkmençilik öýde berk saklanýardy. Mälikguly ýedi ýaşdan kulhuallany, elhemi, tebärek çykmagy öwrenipdi» diýen jümleler hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hut şonuň üçin-de, Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler, aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi ynanylan ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Belläp geçsek, maşgalada ata-enäniň esasy wezipesi çagasynyň terbiýesi bolup, özlerinde bar bolan gujur-gaýratyny, maşgala bilimini, sowadyny, hünärini we maşgala edebini perzentlerine geçirmekden ybaratdyr. Çaga terbiýesi baradaky oňat däp-dessurlar gadymdan gelýän adatlar bilen bir hatarda, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimizde hem beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Kakam bilen dünýäniň nusgawy edebiýatlarynyň söhbedini etmek has-da gyzyklydy. Magtymgulyny kakam köp okaýardy. Şahyryň, çagalygyndan aňyna ornan, uruş döwründe obadaşlaryna okap beren goşgularyny okaýarka, olar barada eşiden rowaýatlaryny, obadaşlary bilen bagly wakalary hem köp ýatlaýardy. Şol pursatlar örän ýakymlylygy bilen hakydama ebedilik ýazyldy» diýip bellemegi ýöne ýerden däldir. Çünki milli edebiýatymyz, halk döredijilik eserlerimiz giň umman ýaly ýaýylyp ýatan mertebe mukamydyr – özboluşly milli terbiýe mekdebidir.
Çaganyň ähli ýaşdaky döwründe zähmet terbiýesine köp ýykgyn edilipdir. Maşgala zähmetiniň çagany terbiýelemekde ähmiýeti uly bolupdyr. Çagany ýaşlygyndan zähmete uýgunlaşdyrypdyrlar. Eýýäm eli käse tutup başlan döwründen çaga äkit-getir ýaly ýeňiljek işler buýrulyp başlanypdyr. Munuň özi çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde möhüm orun tutupdyr. Mälikguly aganyň geçen ýeňil bolmadyk durmuş ýoly muňa nusgalyk mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan «Atamyň» atly goşgusynda bu barada şeýle belleýär:
Ruhubelentligi bolup ýokary,
Ýeňip geçdi ähli kynçylyklary...
Bütin ömrüni mähriban Watanymyza bagyş eden, ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes Oraza aýynda tamamlan Mälikguly aga baradaky ýagty ýatlamalar halkymyzyň kalbynda ebedi ýaşar. Beýik ynsanyň bitiren ägirt işleri ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ýol-ýörelge, görüm-görelde bolar.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.