Gurbanguly Berdimuhamedow
Rowaç
Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollaryň kemaly Rowaç!
Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň — arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!
Säher öwsen ýeller deýin,
Ýaz açylan güller deýin,
Joş uran köňüller deýin,
Sen ylham derýasy, Rowaç!
Ýyldyz syçradyp toýnagyň,
Beze sen türkmen toýlaryn.
Menzile ýetir arzuwym,
Bagtymyň seýrany Rowaç!
Nury-şuglasyň Güneşden,
Zyýatsyň altyn-kümüşden.
Serpaýyň ýetsin ýeňişden,
Döwrümiň döwrany Rowaç!
ROWAÇLYGYŇ BUŞLUKÇYSY
Her gezek göwün «Gudrat göreýin diýseň...» diýen sözlere hiňlenende, näme üçindir ilki bilen bedew atyň keşbi göz öňünde janlanýar. Megerem, syryna akyl ýetmeýän gudrat bedew atlarymyza has mahsus bolmaly. Bedew aty synlanyňda tebigatyň kemsiz-köstsüz ýaradylan janly ýadygärligini, ajaýyplygyny, syrat-syrdamlylygyny görýäris. Ýanyna baryp, ýagyrnysyny sypalasaň welin täsin duýgularyň täsirine gaplanýarsyň. Ynsan ruhuny, ynsan kalbyny şol derejede ganatlandyryp bilýän gudrat başga hiç bir zatda ýok. Eždatlarymyz bedewi ynsan hökmünde görüpdirler. Bedewe keramatly güýç hökmünde bakylmagy hem gözbaşyny has irki eýýamlardan alyp gaýdýar. Türkmen öz bedewini özi bilen ýaşytdaş, özi deýin gadymy saýýar. Kimler ony ýelden ýasalan, kimler ony suwdan çykan, kimler ony Asmandan inen atlar hökmünde ýatlaýar. Ýöne hiç kim onuň ýönekeý zatdygyny aýtmaýar, çünki ol durky-durşy bilen täsinlik. Türkmeniň ahalteke bedewinde zemini gözelliklerden agdyk bir ölçegiň bardygyny synlanyňda duýup bolýar. Nazar salanyňda göwnüň ganatlanýar, seýkin basyşyny synlanyňda köňle per bitip, al-asmanda howalanýar. Halkymyzyň bedew ata bolan söýgüsi onuň ömrüniň örki bilen berk baglanandyr. Döredijilik ynsanlaryna ylham eçilýän gudratyň hem ganatly bedew hökmünde suratlandyrylmagy tötänlik däldir. Bedew at ylham çeşmesidir.
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.
Habar berlişi ýaly, ýakynda milli Liderimiz IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp ýörkä, bu ýerde 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi.
Milli Liderimiz bedew atlarymyzyň mertebesine baha berende, ahalteke bedewleri taryhyň dürli döwürlerinde ýyl ýazgylaryny düzüjileriň hem-de şahyrlaryň we çeper döredijilige ykbalyny baglan adamlaryň, şonuň ýaly-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň hanlarynyň, şalarynyň, imperatorlarynyň ünsüni özüne çekipdir diýip belleýär. Türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Bedew atyň durmuşymyza, medeniýetimize ornaşyp gitmegi hem biziň milli aýratynlyklarymyzyň biri hökmünde görülýär.
Belent buýsançlaryň barha goşalanýan, gözellikleriň biri-birine utgaşýan ýerinde ynsan köňli hemişe joşguna gaplanýar. Şeýle sazlaşyklaryň bar ýerinde döredijilik wekiliniň nämedir bir zat döretmän saklanmagy mümkin däl. Watana we milli gymmatlyklara bolan belent söýgi ýürekden çogup çykyp, ajaýyp eserleriň süňňüne gönezlik bolýar. Şeýle pursatda ýazylan bir setiriň, bir sözlemiň özi milli gymmatlyklar we milli mertebe hakdaky buýsanjyňy beýgeldýän duýgulara hemra edýär. Berkarar döwlet, bagtyýar döwür, ajaýyp zaman, göwünlere joşgun eçilýän «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly, Asman-Zemin zynatyny özünde jemleýän, özüne nazar salana ylham berýän behişdi bedewlerimiz, halkyň ykbalyny, mertebesini, milli gymmatlyklarymyzy ähli zatdan beýikde goýýan, halkymyzyň bagtyýar şu güni we geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Dörediji hemde Gurujy milli Liderimiz — döwrümiziň, zamanamyzyň özi ylham alyp, eser ýazyp oturmaly bir beýik sungat çeşmesi.
Şunuň ýaly ajaýyp günlerde milli Liderimiz özüniň pähim-paýhasynyň, ýiti döredijilik zehininiň miwesi bolan «Rowaç» atly şygryny döretmegi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň hasyl boljak umyt öwüşginleriniň şahyrana beýany bolup ýaňlanýar.
Çuňňur mana eýlenen we labyzly okalýan sözler, täsirli ýaňlanýan akgynly jümleler, şahyrana beýan etmegiň ýokary çeperçilik ussatlygy milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Rowaç» atly şygryny okanyňda aýdyň görünýär. Rowaç arzuw-umytlaryň wysal boljakdygynyň buşlukçysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Rowaç» atly goşgusy umydyň, hasyl boljak arzuwlaryň, rowaç boljak maksatlaryň, ertirimize bolan beýik ynamyň buşlukçysy hökmünde millionlarça ýürege aýdym bolup ornajak döredijilik eseridir.
“Nesil” gazeti,
12.01.2019ý.