11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu mejlisde ilki bilen ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada milli Liderimize hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz milli peýdalanyjylar üçin «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, bu ugura degişli birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmek, tehniki-ykdysady görkezijileri artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz döwrebap nebit we gazhimiýa kärhanalaryny gurmagyň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin bu meseläniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde garyşyk görnüşli kükürtli karbamid döküniniň önümçiligini ýola goýmak hem-de «2019-njy ýylda pile öndürmek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz himiýa önümlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjylarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňünde mineral serişdeleriň gaýtadan işlenýän möçberini has-da artdyrmak, täze kärhanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek üçin maýa goýumlaryny çekmek wezipesiniň durýandygyny nygtap, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmek babatda ähmiýetli orunlaryň birini eýeleýän ýüpekçiligiň ähmiýetini belledi we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklarynyň iýmit binýady bolan tut nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, Garagum derýasynyň kenarlarynda hem-de amatly ýerlerde tut nahallaryny ekmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň iň täze tehnologiýalary ulanmak, täzeçil önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözülmelidigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda telekeçiligiň barha artýan ornuny belläp, türkmen işewürliginiň marketing strategiýasynda seljeriş işlerini alyp baryjy düzümleriň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürjek täze kärhanalary gurmak boýunça teklip edilen taslamalary ýurdumyzda satyn alyjylyk islegini we daşarky bazaryň islegini nazara alyp, ýenede bir gezek içgin işlemegi hem-de önümleriň bu görnüşini ýerlemegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.
Soňra ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabat berildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklary üçin ähmiýetlidigini we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda» Kararyň taslamasyna gol çekip, munuň hünär taýdan ösüşiniň hem-de durmuş babatda jogapkärçiligiň täze derejesine çykýan ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde taryhy pursatdygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyza degişli gymmatlyklary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabaty diňläp, ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlaryny ösdürmegiň, olara döwrebap äheňi bermegiň möhümdigine ünsi çekip, meýilleşdirilen ähli çäreler milli mirasymyzy, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini wagyz edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhuna kybap gelmelidir diýip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça wezipeleri çözmek üçin hünärmenleri taýýarlamak barada ozal beren tabşyrygy bilen baglylykda, degişli ugurda işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen bar bolan ägirt uly kuwwatyň esasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny we ösdürjekdigini, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňe sürülýän döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermek barada görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz daşary syýasat edarasynyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak babatda milli parlamentiň geçirýän işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de Mejlisiň deputatlarynyň ýokary jogapkärçiligini belledi.
Ýurdumyzyň ykdysady rowaçlygy onuň ilatynyň durmuş abadançylygynyň derejesine gös-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz täze ýazan goşgusyndan:
Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň — arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!
diýen ganatly setirlerini okady we Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlady.
"Nesil" gazeti,
15.01.2019ý.