26-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan, şol sanda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylyk, arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlar diňlendi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, şol sanda paýtagtymyzda “Daşkent” seýilgähini gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň barşy bilen gyzyklandy. Wise-premýer Ş.Durdylyýew bu seýilgähi gurmak üçin taslamalary işläp taýýarlamak boýunça işleriň, birnäçe bäsleşikleriň deslapky tapgyrlarynyň geçirilendigini habar berdi. Häzirki wagtda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şonuň barşynda bir kompaniýa saýlanyp alnar.
Mejlisiň dowamynda welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Gowaçanyň irki ekilen ýerlerinde onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, häkimler ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi baradaky meseleleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler.
Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda giň gerimli çäre bolan Medeniýet hepdeligi baradaky meselelere ünsi çekip, onuň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şoňa görä-de, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.