5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.
Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu ýerleriň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi.
Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Harby okuwçylar ýöriteleşdirilen harby mekdepde sanly ulgamyň kömegi arkaly döwrebap bilim alýandyklary, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändikleri barada gürrüň berip, ýaş nesil baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem okuwçylaryň biri saýlap alan hünäri barada aýdyp, harby psiholog bolmagy arzuw edýändigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň bu hünäre bolan dünýägaraýşy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly, psihologiýa hünäri adamlar, olaryň häsiýetleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň hünäre höwesini, aýratyn-da, dünýä ylmynda ähmiýetli ugur hasaplanylýan psihologiýa ylmyna bildirýän gyzyklanmasyny goldap, oňa maksada okgunly, tutanýerli, yhlasyny gaýgyrman köp okamagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi ündew etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny sport, zähmet bilen utgaşdyrmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, bu ugra uly üns bermelidiklerini nygtady. Milli Liderimiz sanly ulgamy, kompýuter tehnologiýasy boýunça hemmetaraplaýyn bilim almak, innowasion işläp düzmeleri öwrenmek meseleleriniň ähmiýetlidigini, bu ugurlaryň şu günüň we geljegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ýaşlara maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe ýaşlar, aýratyn-da, körpe nesiller sanly ulgam, kompýuter tehnologiýasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Munuň özi olaryň döwrebap ýörelgeler bilen utgaşykly ösýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, okatmak işini guramaga döwrebap çemeleşmek, okuw meýilnamalaryna täze usullaryň ornaşdyrylmagy zerurdyr. Ýaşlaryň bu ugurdaky ukybyny ösdürmek wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň Watana söýgüsini has-da artdyrmak, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylaryna bu ýerde guralan dabaraly çäre mynasybetli sowgatlary gowşurdy.
Harby tälim boýunça bilim alýan ýaşlar sowgatlar, Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmaga berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen okuwçylara alýan bilimlerini tejribede özleşdirmek, bedenterbiýe we zähmet bilen utgaşdyrmak meselelerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, ýygnananlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.