Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkymyz gahrymançylygyň, mertligiň-merdanalygyň, gadryny bilýän halk. Hut şonuň üçin Milli Liderimiziň çäksiz aladalary bilen gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň hormatyna Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Ýeňiş baýramy uludan toýlanýar.
Ine şeýle dabaralaryň biri-de şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan edermenler hem-de tylda zähmet çeken zenanlar bilen «Watan Gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr!» ady bilen geçirildi.
Aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygyny guraýjylar paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ähli etraplarynda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan edermenlerimizi hem-de tylda zähmet çeken zenanlarymyzy hormatlap, olaryň maşgala ojaklaryna bardylar. Ir säher bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň orkestrleriniň ýaş meýletinçileriniň işjeň gatnaşmagynda aýdym-saza beslenen bu duşuşyklar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Duşuşyklarda döşlerini orden-medallar bezäp duran weteranlar özleriniň gahrymançylykly ýollary, häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň il-gün, ýurt barada edýän aladalary, döredip berýän eşretli şertleri dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Ýalynly ýyllaryň agyr azaplaryny gerdenlerinde çeken, häzirki wagtda gazanan ýeňişleriniň datly miwelerini görüp ýaşaýan uruş weteranlarynyň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksiz.
Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de Milli Gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda hemişe ýagşylykda ýatlanar.
Has köp suratlary «Multimediýa» bölüminde görüp bilersiňiz!
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.