Gerçekler bäsleşdiler

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Talyp ýigitleriň arasynda joşgunly geçen bu bäsleşigiň I şertine laýyklykda ýigitler öz okaýan hünärlerini, hünärleriniň jemgyýetdäki tutýan ornuny şahyrana, çeper okaýyş bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň çekeleşikli geçen II şertinde bolsa talyp ýigitler “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly” bilen baglanşykly özleriniň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezdiler we türkmen ýigitlerine mahsus bolan edermenlik ruhubelentlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň iň soňky ýagny, aýgytlaýjy şertinde bäsdeş ýigitler şorta sözleri ýerine ýetirmek arkaly bäsleşdiler.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň beren adalatly bahalaryna laýyklykda: baş baýraga S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň III ýyl talyby Ýazdurdyýew Merdan mynasyp boldy.

I orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň V ýyl talyby Annaberdiýew Hezretaly, II orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň II ýyl talyby Annagulyýew Ahunberdi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň I ýyl talyby Kakajanow Hemra dagy mynasyp boldular. III ýere bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň IV ýyl talyby Sadykow Öwezmuhammet, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň II ýyl talyby Ataýew Amanmuhammet, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň IV ýyl harby talyby Gökjäýew Toýmyrat mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanyldy. Şeýle-de, bäsleşige gatnaşan talyplaryň ählisine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzda ýaşlaryň hakyky watançy bolup ýetişmekleri ugrunda ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Has köp suratlary «Multimediýa» bölüminde görüp bilersiňiz!

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.