Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.

8-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, görnükli ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Dabarada çykyş edenler bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtadylar.

Owadan Aşgabat şäherimiz barada her birimiziň ýüregimizden çykýan “Arkadagymyzyň ak şäheri” diýen jümläniň döremegi ýöne ýerden däldir. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we hyzmatlar ulgamy soňky ýyllarda has özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz kitabyň girişinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Eşit, adam, dogan ilden

Gaýry mähriban ýurt bolmaz –

diýen goşgy setirlerini getirýär.

Milli Liderimiziň kitabyň başynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär.

Kitabyň “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar” atly ikinji bölüminde milli Liderimiz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär.

Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär.

Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölümde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw – ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi – ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler bar.

“Aşgabat – dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüm bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti – oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat – halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeleri özünde jemleýär. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimleri baýlaşdyrýar.

Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr. “Ak şäherim Aşgabat” kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň halkymyza ajaýyp peşgeşidir.