9-njy maýda ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy – 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat geldi. Olar türkmen halkynyň öz ruhy köklerine, hoşniýetliligiň maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna mizemez ygrarlydygynyň beýanydyr.
Bu gün ähli zatlar – ýaz ýagşyna ýuwlan baglar, ýadygärlige goýlan gül desseleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenler we medallar çäräniň öwüşginini artdyrdy.
Türkmen halkynyň harby däplerini, edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar.
Harby şöhratyň we umumyhalk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýulýar.
Soňra şu günki çärä gatnaşyjylar ýadygärlige gül desselerini goýýarlar. Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlarymyz, şöhratly ata-babalarymyzyň – frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem geldiler. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli olara buýsanýar.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.
Milli Liderimiz özi üçin ýörite bellenilen ýere geçip, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda her ýyl mukaddes, parz işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Geçmiş taryhymyza sarpa goýup, “Milletiň ogullary” ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz şu gün 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanyň ogul-gyzlaryny, urşa gidenleriň yzynda galan naçar maşgalalary, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny pida edenleri ýatladyk.
Ine, şu gün biz Oraza aýynda agzaçar sadakasyna gatnaşýarys. “Ölüsini sylan beg bolar” diýipdirler. Biz hem mukaddes däp-dessurlarymyza eýerip, ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu gün Watanymyzyň merdana ogul-gyzlarynyň, şehit bolanlaryň hatyrasyna ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsinden tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.
Nahardan soň, aýat-töwir edilip, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň agzybirligi, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, köpugurly işlerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze üstünlikleriň hemra bolmagy dileg edildi.