Bäsleşikde «MILLI» ykjam telefon size garaşýar

Taryhyň gatbar-gatbar sahypalarynda özüne abraýly orun tutan mähriban Watanymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň şu topraklardan ýaýrandygyna güwä geçýän taryhy ýadygärlikleri we gadymy däp-dessurlary dünýäni haýrana goýýar. Ýaşlarda milliliklerimize bolan buýsanjy has-da artdyrmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” atly makala ýazmak boýunça bäsleşigini yglan etdi.

 Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini goramak, dikeltmek hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezýän makalalary taýýarlamaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  “turkmen-youth@online.tm” elektron poçtasyna “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 1-nji iýunyna çenli ugratmaly.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bellenen wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan makalalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi internet saýtynyň “Türkmenistan – ÝUNESKO” sahypasynda hem-de nesil gazetinde “Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar astynda şöhlelendiriler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine höweslendiriji sowgatlar, Baş baýraga bolsa ýurdumyzda öndürülýän milli ykjam telefon sowgat berilýär. Howlugyň we geçirilýän bu bäsleşigiň Baş baýragyna siz mynasyp boluň.