“Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

10-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň geçirilen ýerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de paýtagtymyzyň geçmişini, şu gününi beýan edýän arhiw materiallarynyň sergisi we ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz yhlasy, ýadawsyz aladasy bilen gözel paýtagtymyzyň belent derejelere ýetirilendigine, paýtagty ösdürmek üçin ägirt uly tagallalaryň edilýändigine Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary şaýat bolýarlar.

Maslahatda çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň merjen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly baýramyna gymmatly sowgadydyr diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Aşgabadyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň, Garaşsyz döwletimiziň, berkarar Watanymyzyň gülläp ösýänliginiň alamaty bolup durýandygy, “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby okan her bir adamyň paýtagtymyzyň Garaşsyzlykdan öňki ýagdaýyna, soňky ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmekde bitirilen ägirt uly işleriň gerimine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik alýandygy barada çykyşlarda bellenildi. Häzirki zamanyň şähergurluşyk tejribesiniň iň ýokary derejesini özünde jemleýän ak mermerli gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylanyna 140 ýyl geçse-de, mähriban Arkadagymyzyň yhlas-aladasy bilen ol täze şäheriň keşbine eýe bolýar diýip çykyş edenler uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler.