Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 – 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek babatda ajaýyp däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň doly goldawyna mynasyp boldy. Olar paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda guralýan şeýle çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini, şol sanda awtoulaglaryň eýelerini birleşdirýär. Olar bu günlerde awtoulaglaryny sürmeýärler. Şeýlelikde, ýollarda awtoulag serişdeleriniň sany ep-esli azalýar. Bu bolsa, öz nobatynda, umumy ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Şol ýerde, Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejedäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň giň, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.

Ýolugra wise-premýer döwlet Baştutanymyza işleriň ýagdaýy, hususan-da, paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, onuň 140 ýyllygyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Welosipedli ýörişler ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşini hem-de welosipedi wagyz etmegiň giňden ýaýran usulydyr. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeňligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Welosiped sportunyň ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolmagy onuň esasy artykmaçlyklarynyň biridir.

Welosiped sürende, adamyň bedeniniň ähli möhüm ulgamlary hereket edýär. Munuň özi adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, birnäçe keseller bilen kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar. Mundan başga-da, welosiped ulagyň amatly görnüşi bolmak bilen çäklenmän, mähriban ülkämize gyzykly gezelençleri amala aşyrmak üçin hem oňaýly serişdedir. Welosipedde gezelenç etmek açyk howada wagtyňy keýpiçaglyk bilen geçirmäge mümkinçilik berýär.

Welosipedli ýörişiň ugry boýunça Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary goşuldylar.

Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar. Ýolugrunda sport çäresine köp sanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ak şäherimiziň giň we ýagty ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler.

Oňyn jemgyýetçilik seslenmesini döreden, 10-njy maýda başlanan ekologiýa çäresi bilen baglylykda, paýtagtymyzda awtoulag serişdeleriniň hereketiniň çäklendirilendigini ýatlatmalydyrys. Bu babatda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli ulag hyzmatlaryny etmek maksady bilen, ýolagçy awtobuslarynyň hem-de taksileriň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy. Munuň özi bu möhüm çäräni geçirmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, ýurdumyzyň Baş meýdançasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamyň beden taýdan sagdynlygy, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

***

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň Baş meýdançasyndan hereketini dowam edip, “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Şol ýerde bu günki çärä bagyşlanan, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralan dabara geçirildi.

Çykyş edenler türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýyny döretmek meseleleriniň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtadylar.

Milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň şanly sene mynasybetli watandaşlarymyza ajaýyp sowgat bolandygy bellenildi. Bu kitabyň sahypalarynda paýtagtymyzyň geçmişi we şu güni, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary öz beýanyny tapdy.

Soňra dabara sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda sportda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy gülledip ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly syýasaty, milli senenamamyzyň şanly taryhy seneleri ruhubelentlik bilen wasp edildi.