Gadymyýetiň ilçisi – Türkmen halysy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhyň dowamynda sünnäläp döreden milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Olary has giňişleýin öwrenmek we geljekki nesillere kämil görnüşde ýetirmeklik ugrunda düýpli aladalar edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan nepis türkmen halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri, özboluşly nagyşlary barada hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan, halkymyzyň halyçylyk sungatyny ganatly jümleleriň üsti bilen dünýä ýaýýan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” kitaplary milli halyçylyk sungatymyzyň waspyny edýän belent mukamdyr. Halk senediniň iňňän gadymy döwürde dörän nusgalarynyň biri bolmak bilen, ol milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halysy halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna we medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Ol dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda özüniň mynasyp ornuny eýelän sungatdyr. Haly türkmeniň gymmatlyk derejesine göterilen maddy baýlygydyr.

1949-njy ýylda daglyk Altaýda Pazyryk depesinde ýerleşen gadymy guburda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, türkmen halysynyň täsin nusgasy ýüze çykaryldy. Türkmen haly göllerindäki nagyşlaryň käbir görnüşleriniň b.e.öňki III-II müňýyllyklara, ýagny bürünç eýýamyna degişli arheologik tapyndylarda gabat gelýändigini belli alym W.I.Sarianidi hem tassyklaýar. Parhaýda we Summar jülgesinde arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüň egrilýän ikbaşlaryň, bürünçden ýasalan zähmet gurallarynyň arasynda dokma keserler, jorap örmek üçin çişler tapylýar. Alymlaryň pikirine görä, ol bürünç eýýamyna degişli bolup, dokmaçylyk, şol sanda haly-palas hem ilki maldarçylyk bilen meşgullanýan ilatda döräp, soňra oturymly ekerançy ilata geçipdir diýip hasaplanýar.

Şeýlelik bilen, ene-mamalarymyzyň mähri siňen ajaýyp halylarymyz dünýä ýaýrapdyr. Ol halylarymyza, haly önümlerimize diňe bir haryt däl-de, eýsem, hakyky çeper eser hökmünde seredipdirler. Bu hakykata şol döwürde Ýüpek ýolunyň üsti bilen syýahat eden dünýä ýurtlarynyň syýahatçylarynyň ýazgylary hem şaýatlyk edýär. XIII asyrda ýaşap geçen wenesiýaly syýahatçy Marko Polo Gündogar ýurtlaryna tarap syýahat edip, Türkmenistanyň çäginden geçende gören zatlary barada, hususan-da, türkmen halylary barada gymmatly ýazgylary galdyrmak bilen: “Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, bijaý oňat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da köp zatlar öndürilýär” diýip ýazýar.

Nesilden-nesle geçip, asyrlar aşyp gelen türkmen halylarymyz Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem saklanýar. Zenan kalbyndan dörän halylarymyzy dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar uly höwes bilen synlaýar. Ol häzirki güne çenli synny, darak, keser ýaly ýönekeýje gurallaryň üsti bilen döreýän gadymy we häzirki zaman sungat eserlerini synlap haýran galýarlar we ruhy lezzet alýarlar. Asyrlaryň ilçisi bolan türkmen halylary taryhyň öçmejek yzlary hakynda gürrüň berýärler. Şonuň üçinem hormatly Arkadagymyzyň türkmen zenanlarynyň döreden gudratly sungatyna “Arşyň nepisligi” atly kitabynda “Türkmen halysy-sungat, türkmen halysy – aň beýikligi, türkmen halysy – paýhasyň dabaralanmasy, türkmen halysy – heňňamlaryň ýaşaýyş hakyndaky soňlanmajak, baýlyk aýdymydyr” diýip, ýokary baha berdi. Türkmenistanyň şöhratly taryhyny öwrenmekde, gadymy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklaryny älem içre wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýol görkeziji şamçyragdyr.

Bibimeýrem AMANSÄHEDOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Öňki makala

Haly mukaddesligi

Indiki makala

Syrly sungat eserleri

Meňzeş habarlar