Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiz gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň garaýyşlarynyňdyr pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň, şonda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemini jemläp, ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň, şäherde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň esasy talapdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.