14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimi B.Handurdyýew, Ruhubelent etrabynyň häkimi D.Güjikow, Boldumsaz etrabynyň häkimi B.Arazow, Gubadag etrabynyň häkimi H.Nurjanow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi O.Amanow, Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow, Köneürgenç etrabynyň häkimi M.Gurbanow, Görogly etrabynyň häkimi B.Mämmedow ýolbaşçylyk edýän etraplarynyň ak ekinli meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň hem-de onuň etraplarynyň häkimleriniň alyp barýan işleri barada hasabatlaryny jemläp, ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragynda kombaýnlardyr awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini guramak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi, ýygnalan hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we aralyk ekinler üçin zerur çäreleri görmek bilen baglanyşykly meseleler aýratyn möhümdir.
Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, wise-premýere, Daşoguz welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimlerine orak möwsüminde alyp barýan işlerinde, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we edermen daýhanlaryň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine uly ynam bildirdi.