Sebit ýaşlar syýasaty

SEBIT ÝAŞLAR SYÝASATY: giň mümkinçilikler. Dostluk we ynanyşmak.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» şanly wakasy bolan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda we onuň bilen ugurdaş geçirilen çärelerde ýaşlar syýasaty baradaky meselä-de aýratyn üns berildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri sebit ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýärler. Sebitde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşlaryň arasynda ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy maksadydyr. Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyldy we bu barada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamada beýan edildi. Bu resminamada Taraplaryň bilim, ylym diplomatiýasy babatda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we ylmy alyşmalar boýunça sebit Maksatnamasyny işläp taýýarlamak arkaly rektorlaryň forumlarynyň, ylmy-mugallymçylyk we talyplar jemgyýetçiliginiň ylmy maslahatlarynyň hem-de simpoziumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada çykyş edýändikleri bellenýär.

Sebit ýaşlar syýasaty halkara we milli guramalar bilen bilelikde alnyp barylýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy» atly ýaşlar başlangyjy hem muňa mysaldyr. Sebitiň ilatynyň 50 göterimden gowragyny düzýän ýaşlar bu taslamanyň geljegidir.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer alyşmagyň bitewi platformasy hökmünde «Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek» diýen at bilen Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny, ýaş nesilleriň wekilleriniň interaktiw gepleşikleri üçin meýdançany döretmek, şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Özbegistanda Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň forumyny geçirmek ýaly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürüldi.

Konsultatiw duşuşyk bilen ugurdaş geçirilen çärelere ýaşlar işjeň gatnaşdylar, olarda hem sebitiň geljegi, hem güýji hasaplanýan ýaş nesillere goldaw bermek meselesine ähmiýet berildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyforumynyň Jarnamasynda: «Sebitiň zenanlarynyň arasynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, aň-bilim, medeniýet, sungat we sport babatda, ýaşlary goldamakda we syýahatçylygy ösdürmekde hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini mübärekleýäris» diýen sözler bar.

Dialogyň barşynda ýaşlaryň terbiýesi, olaryň ruhy-ahlak dünýäsinde milli mirasyň orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, zenanlar maşgala ojagynyň goragçysy bolup, milli däp-dessurlary, milli hem ruhy mirasy Merkezi Aziýa halklarynyň ýaş nesillerine ýetirýärler we şunlukda, biziň ýurtlarymyzda jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gatnaşýarlar. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygy hem aýdyldy.

Ykdysady taýdan özbaşdaklyk we ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ― ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr. Ýurdumyz halkara derejede dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Munuň şeýledigini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna telekeçi ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary hem tassyklaýar. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda guralan sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem şöhlelendirildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde bilim bermek işine giňden ornaşdyrylýan döwrebap kompýuter tehnologiýalary we innowasion ulgamlar görkezildi.

Sport — ýaşlaryň hemrasy. Halklaryň arasynda dostlugy berkitmekde sportuň möhüm orny nazara alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi dowam etdirmek, sebitiň çäklerinde halkara sport-köpçülikleýin çäreleri geçirmegi goldamak, bedenterbiýe we sport guramalarynyň we edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy höweslendirmek barada ylalaşyldy. Şeýle hem Taraplaryň milli sport görnüşlerini halkara sport giňişliginde öňe sürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada bellendi.

Çagalaryň şatlygy dünýäniň abatlygy hasaplanýar, olaryň gülküli owazlary bolsa bagtyýar geljegiň buşlugydyr. Awazada guralan aýdym-sazly dabaralarda çagalar tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar bagtyýar çagalygyň mekanynyň gyzgyn we mähirli salamy bolup, ýüreklere doldy.

Döwletleriň Baştutanlary daşary syýasat edaralaryna XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, «Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky» Şertnamany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki konsultatiw duşuşygynda gol çekmäge taýýarlamagy tabşyrdylar. Bu möhüm resminamada hem sebit ýaşlar syýasatyny ösdürmäge uly üns beriljekdigi ikuçsuzdyr.

Umuman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän toýly günleriniň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler sebit ýaşlar syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň aýdyň geljege rowandygynyň görkezijisi boldy.

                         Ýazpolat KERIÝEW,

                         Türkmenistanyň Magtymguly

                         adyndaky Ýaşlar guramasynyň

                         Merkezi Geňeşiniň başlygynyň

                         orunbasary, Türkmenistanyň Milli

                         Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY