Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy we Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu dabaralar häzirki wagtda milli Liderimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde baş şäherimiziň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşip, özgerýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Muňa Aşgabadyň Aziýanyň «merjen şäheri» diýen belent ykrara eýe bolmagy doly şaýatlyk edýär.
Aşgabat – geljegiň «akylly» şäheri. Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy toýlanýan günlerde – 25-nji maýda ýurt Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem tassyklaýar. Şol gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda şanly sene mynasybetli 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bolsa halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumyny «şäheriň içindäki şäher» diýip hem atlandyryp bolar. Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. «Smart sitiniň» – «akylly» şäheriň kämil nusgasy bolan bu toplumda ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün etmek we innowasion mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen bagly ähli şertler göz öňünde tutulýar.
Bu ýerde düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Toplumda kaşaň we has belent binalary – 12 – 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap we ösen şäherleriň birine öwrüljekdigine aýdyň güwä geçýär.
«Aşgabat-sitiniň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, onda ähli durmuş amatlyklary, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary düýpli üpjün ediler we kämil «şäher içindäki şäher» kemala geler. Bu toplumyň gurluşygynda döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenler tarapyndan şähergurluşygyň milli we dünýä tejribesiniň häzirki zaman usullary ulanylar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydyr.
Agamyrat ROZYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.