Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi ylmyň 5 ugry boýunça geçirildi:
1. Himiýa, biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we lukmançylyk ylymlary.
2. Radioelektronika, energetika we awtomatlaşdyrylan ulgamlar.
3. Programma üpjünçiligi, web tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk.
4. Innowasion pedagogika we innowasiýalaryň ykdysadyýeti.
5. Maket taýýarlygy, sungat işi we kognitiw ylymlar.
Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ylymda, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmekden, geljekde önümçilige ornaşdyrmak ukyby ýokary ylmy taslamalary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bu bäsleşige ýaş alymlar 150-den gowrak ylmy taslamalar bilen gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, ylmy-barlag edaralarynyň ýaş hünärmenleri, mekdep okuwçylary bar.
Sergi bäsleşigine hödürlenen işler eminler topary tarapyndan degişli aýratynlyklaryna garap, ýokary derejede seljerildi. Hususan-da, ylmy taslamalaryň tehniki we tehnologiki çözgütleriniň täzeçilligine, häzirki döwür üçin zerurlygyna, amaly häsiýetine garaldy. Şeýle hem ýaş alymlaryň köpçülikde çykyş edip bilmek endikleridir ukyplaryna, saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna, onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyş derejesine üns berildi. Ýeňijiler yglan edilip, olara dabaraly ýagdaýda Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.