Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Şeýle hem şu gün bellenilýän goşa baýramyň hormatyna Aşgabadyň ýollaryna “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly täze awtobuslaryň köp sanlysy we “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksileriň hem köp sanlysy çykdy. Şu gün şäherara ugurlar boýunça gatnawy ýerine ýetirýän ähli awtobuslar ýolagçylara mugt hyzmat edýär. Munuň özi paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Ir säher bilen şäheriň demirgazyk künjeginde bina ediljek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Şanly waka mynasybetli sungat ussatlary baýramçylyga mahsus döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Olaryň aýdym-sazly çykyşlarynda, joşgunly tanslarynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban Watanymyzyň, ak mermerli paýtagtymyzyň, agzybir halkymyzyň bitirýän işleriniň we Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň waspy ýetirildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan “Türkmeniň ak öýi” binasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen hemmeleri, watandaşlarymyzy her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna we göz-guwanjyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň güni, şeýle-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gutlap, onuň uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy. 2013-nji ýylda döredilen bu baýram her ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär.

Biz şu gün hem paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ajaýyp binalar we desgalar toplumynyň binýadyny goýýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.

Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.

Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Täze dörediljek şäherde biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alnyp, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 – 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.

Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda bu ýerde «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan tutuş döwrebap şäher peýda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydyr. Munuň özi onuň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapmalydyr. Bu işleri amala aşyrmaga ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze şäheriň gurluşygyna başlamazdan ozal, biz köp sanly taýýarlyk işlerini alyp barmalydyrys. Ylymlar akademiýasynyň alymlary seýsmik ýagdaýy düýpli seljerip, bu ýerde näçe gatly jaýlary gurup boljakdygyny anyklamalydyr. Çyzgyçylar gurluşygyň alnyp baryljak ýerlerini karta geçirmelidir.

Şeýle hem bu giň gerimli işlere ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasyny döredip, ony ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmeli. Mundan başga-da, gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň taslamasyny düzüp, olar üçin gurluşyk serişdeleri bolan sement, agaç-tagta, demir we beýleki zerur önümleri, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýran häzirki döwründe nireden almalydygyny anyklamaly. Olaryň özümizde öndürilmeýän görnüşlerini daşary ýurtlardan nädip getirmelidigini kesgitlemeli.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, suw çüwdürimlerini suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu gün gurluşygy birnäçe ýyla çekjek uly şäheriň düýbi tutulýar. Şoňa görä-de, ýokarda sanalyp geçilenlerden başga-da, köp meseleleri çözmeli. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýipdirler. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan biz gözel Köpetdag bilen uç-gyraksyz Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan dünýä derejeli lowurdap duran ajaýyp şäheriň gurluşygyna şaýat bolarys.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri döwlet derejesinde bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de täze şäheriň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de çärä gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy tamamlanandan soň, bu ýerde “Aşgabat-sitiniň” taslamasy, umuman, bu ýerde guruljak desgalar, binagärlik toplumlary we ugurdaş düzümler barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Soňra körpe nesilleriň wekilleri bolan oglanjyk we gyzjagaz döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, ajaýyp goşgy setirlerini okadylar we hormatly Prezidentimizden şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazgy ýazmagyny haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazga gol çekip, ony ýörite guta ýerleşdirdi.

Asylly däbe görä, milli Liderimiz gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ilkinji betonyny atdy. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçuryldy.

Hormatly ýaşulular we beýleki dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.

Soňra Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow körpe nesilleriň we hormatly ýaşulularyň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY