Ýaşlar — ýurdumyzyň ýüregi

— ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň maddy däl taryhy we medeni mirasyny goramak we dikeltmek baradaky işler has ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» ady bilen geçiril e n dabaral a r köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde diýen ýaly beýan edilip, olarda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-baba ýörelgelerimiziň, ene-mamalarymyzdan galan milli el işleriniň waspybelentden ýetirilýär. Netijede, köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň medeniýeti, sungaty we milli gymmatlyklary bu günki gün tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly bäsleşige talyp ýaşlarymyzyň hödürlän eserlerinde bu aýdylanlar öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bäsleşigiň ýeňijileri bolmagy başaran bagtyýar talyplara üstünlikleri arzuw edýäris!

 

 

          Ýazpolat KERIÝEW,

          TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

          başlygynyň orunbasary,

          Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň

          Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY