Ýürekleri joşgunly çagalar

4-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda bina edilen «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däbe öwrülen bu bäsleşik her ýyl şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu bäsleşigiň jemleýji konserti ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin ýatdan çykmajak dabara beslendi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna şäherdir etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagtyýar nesiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okamagy bilen başlanan konsertde bagtyýar çagalaryň ýürek owazy hormatly Prezidentimize alkyş, Watan waspy bolup belentden ýaňlandy. Zehinli çagalar joşgunly çykyşlary bilen körpe nesliň bagtyýarlygy üçin ähli mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler. Çagalar mähriban Watanymyzda dostlugyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň dabaralanýandygynyň waspyny ýetirdiler.

Çagalaryň nurana dünýäsinde näçe diýseň gözellik, şatlyk-şowhun, aýdym-saz bar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine taýýarlykly gelen zehinli çagalaryň şowhunly çykyşlary, aýdym-sazlary we tans şüweleňleri olaryň döredijilik dünýäsiniň gözelligini açyp görkezdi. Baýramçylyk sahnasynda çykyş eden şirin dilli, köňli heýjandan doly bagtyýar körpeleriň içinden iň zehinlilerini saýlap almak eminler toparyna ýeňil düşmedi. Şeýle-de bolsa, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolup, döredijilik ussatlyklaryny açyp görkezen zehinli çagalar — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 4-nji synp okuwçysy Isgender Rejepow, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Çeper Orazmämmedowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şamämmet Baýrammämmedow, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Didar Sapargeldiýew, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gylyç Rozykulow, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Umyt Işangulyýew dagy «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-sazly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Olaryň her birine hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy — noutbuk kompýuteri hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy. Şeýle-de bu bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisi gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konsertine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy babatda zerur şertleri döretmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ylym-bilimden paýly, döredijilik ukyplary ösen ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri döwletimizde birnäçe zehinli çagalaryň ýüze çykmagyna ýol açýar. Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini dillerinden düşürmeýän bagtyýar körpeleriň kalby hemişe ata Watanymyza, bagtyýar döwrümize söýgüden, mähirden joşup dur. Goý, bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň ertirki eýeleri bolan bagtyýar körpeleriň şat owazlary, bagtyýarlyk nagmalary mydama belentden ýaňlanyp dursun! Ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun, döwrümiziň ýaşajyk bilbilleri!

Mahym KULBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY