Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşiniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär. Bu bolsa saýlan ugry boýunça ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp ýokary netijelere eýe bolýan türkmen türgenleriniň sany artýar. Ýaşlar dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanyp, Watanymyzyň Baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň sport abraýyny goraýarlar. Şolaryň biri hem ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek olimpiýa medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewadyr. Bäsleşikde onuň gazanan bu uly üstünligi Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişliginde ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Mähriban Arkadagymyzyň: «Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi» diýip buýsanç bilen belläp geçmegi hem-de Polina Gurýewa Şa serpaýyny ýapmagy we onuň tälimçilerini döwlet sylagy bilen sylaglamagy ykbalyny sporta baglan ýaş türkmen türgenleriniň, tälimçileriň ýeňşe bolan beýik ynamyny we ruhuny ganatlandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde öz üstünlikleri bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşandy üçin hem-de Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 59 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, umumylykda 217 kg agramy göterip, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi bolandygyny nazarda tutup, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Polina Gurýewa ilkinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň VII bölüminiň 49-50-nji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormatly agzasy diýen at dakyldy hem-de degişli şahadatnama gowşuryldy. Biz Tokio Olimpiadasyndan uly üstünlik bilen dolanan ildeşimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda ähli tagallalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.