Patyşanyň ady dillere dessan bir ak aty barmyş. Patyşa bu atyny gaty gowy görermiş we elmydama ak atynda gezelenç edermiş. Atyna bolan söýgüsi şeýlebir ulumyş welin, bir gün töweregindäkilere: «Bu at meniň üçin örän gymmatlydyr. Ak atymyň ölüm habaryny getireniň kellesini sogrup bilerin, gaty seresap boluň. Sebäbi onuň ölüm habary meni gaty gynandyrar, bu maňa erbet täsir eder» diýipdir.
Wagt geçýär, beýlekilerde bolşy ýaly, ak atyň hem ajaly ýetýär. Patyşanyň adamlary howsala düşýärler, çünki atyň ölüm habaryny beren adamyň öldürilip bilinjekdigini bilýärler. Hiç kimiň patyşa bu ajy habary bermäge gurbaty çatmaýar.
Ahyrynda seýisbaşy bu meseläni öz üstüne almaly bolýar. Patyşanyň huzuryna gelen seýisbaşy:
– Patyşahym, siziň ak atyňyz bar-a?
– Hawa diýýär patyşa.
Seýisbaşy:
– Onuň aýaklary ýokarda, gözleri ýumulypdyr, garny çişipdir, ýatyr – diýýär.
Patyşa:
– Seýisbaşy biziň atymyz öldi diýsene – diýip gazaplanýar.
Seýisbaşy:
– Ýok patyşahym, men diýmedim, siz diýdiňiz – diýýär we ölümden aman galýar.
Söz – gudratly güýç. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip biler. Sözüň manysy ýaly, sözleýiş şekli-de örän möhüm. Aýdýan sözümize eýe bolup bilmesek, söz bize eýe çykar we özüne tabyn eder. Ynsany abat edýänem dil, berbat edýänem dil. Paýhas çeşmesi kitabynda bellenilişi ýaly, ýerini bilip sözleseň, dildir daşyň galasy, ýerini bilmän sözleseň, dildir başyň belasy. Hawa, eger biz ýerinde ulanyp başarsak, sözüň tükeniksiz güýji bar.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.