Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Arkadagly döwrümizde göwünleň ganaty bedew, Ajap sungat, asly behişt – zamanaň zynaty bedew» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, döredijilik we bilim işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler Halkymyzda “Ýylyň gelşi baharyndan bellidir” diýen jaýdar jümle bar. Emma bu gün türkmen Diýaryna gelýän ýyllar baharyndan däl-de, eýýäm öz ilkinji gadamyndan belli bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýürek sözünden, şahyrana duýgusyndan we ajaýyp ylahy ylhamly eserinden ak pata alan, badalga alan bu ýylymyzyň hem gutly gadamynyň döwletli Diýarymyza düşýänligini ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan wakalardan hem anyk görýäris!
Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamy düşen her ýeriň toýhana öwrülýänligini indi ýyllar subut edip gelýär. Bu gün taryhy taglymatlaryndan, maksatly menzillerinden ýurdumyzy bagtyýarlyk mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine hoşallyk hökmünde bütin halkymyz üstümizdäki ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýip atlandyrdy. Çünki bu zaman, bu eýýäm, döwletli döwran hut halkyň Arkadagy bilen ýeten asyrlyk arzuwlarynyň amal bolmasydyr. Halky bilen bir ýürek, bir jan, bir ten bolup, “Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýip, ak ertirlere sary ynamly barýan, eziz Arkadagynyň daşyna berk jebisleşen türkmen halky ykbalyny öz Gahryman Arkadagyna ynandy. Bu gün şol beýik ynam bolsa, sözüň doly manysynda ödelýär.
Bu ýylyň ilkinji günlerinden ilkinji iş saparlaryny welaýatlara amala aşyrmak bilen Gahryman Arkadagymyz özüniň halk bilen bir jan, bir tendigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Halkymyzyň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän we
nesilden-nesle, atadan-ogla, halypadan şägirde geçip gelýän käbir çopançylyk, balykçylyk, maldarçylyk telekeçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz bilen aýratyn duşuşyp söhbetdeş bolmaklygy halkymyzy ýene-de bir gezek belent bagtyň depesine göterdi.
Mundan başga hem eziz Arkadagymyz bu günüň iň zerur hünärmenleri bolan nebit-gaz we energetika işgärleri bilen hem duşuşdy. Bu bolsa ýurdumyzda gadymy we häzirkizaman durmuşunyň gazananlarynyň aýakdaş alynyp barylýandygyny we ol ýörelgeleriň öz gözbaşlaryna daýanýandygyny, milli däp-dessurlarymyzyň we häzirkizaman ösen tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ösmegi, kämilleşmegi üçin sazlaşykly we deň mümkinçilikleriň döredilýänligini görkezdi.
Türkmenistanyň ýaş nesilleri üçin bahasyz baýlyk bolan beýik görelde hem-de ýörelge mekdebiniň nusgasyny görkezýän Eziz Arkadagymyza bu günki ýaşuly raýatlaryň hem nesilleriň alkyşlary egsilmeýär. Gurmak, döretmek, bina galdyrmak biziň
ata-babalarymyzdan gelýän milli ýolumyzdyr. Bu gün şol milli ýoluň zamanany özgerdiji Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bilen nä derejede belentliklere göterilýänligini bolsa hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş merkezine, dek düýnüň özünde bolsa Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak maksady bilen amala aşyran iş saparyndan hem aýdyň görmek bolýar.
Bilşimiz ýaly şeýle saparlaryň ilkinji gadamlaryny Halkara ahalteke atçylyk toplumyndan başlan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň “Atly il döwletli il” diýen aýtgysynyň durmuş ýüzündäki ykrarnamasyna bizi ýene-de bir ýola şaýat etdi.
Bu ýerde ýylyň başynda täze dünýä inen taýçanajyga “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň ady bilen utgaşdyryp hormatly Arkadagymyz Zaman diýip at goýdy hem-de eýýäm ajaýyp däp-dessura öwrülen, kalbyňda üýtgeşik ýakymly tolgunmany döredýän taýçanajygyň boýnuna eden işi görelde, ýörän ýoly nesillere baky ýörelge bolýan Ogulabat käbämiziň nepis el işi bolan ören alajasyny dakmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Bu pursat ene-atanyň ynamyny hakdan kemally perzendiň öz käbesine goýýan beýik hormatynyň alamatydyr, bu pursat öz beýik taryhyny we milliligini dünýä derejesinde ykrar etdiren we bu beýik ykrarnama baky ygrarly ýurt Baştutanynyň aýdyň ýolunyň alamatydyr, bu pursatlar ertir şu Watana eýe boljak ýaş nesilleriň aňynda we göz öňünde baky we beýik nusganyň ýazylýan pursatlaryndan alamatdyr, bu pursatlar hakykatyň we halallygyň bir akabadan gözbaş alanynda döredýän gudratyndan alamatdyr! Ine hut şu sadadan ägirt mana eýe bolýan pursatlar hem öz eziz Arkadagyny halky bilen has jebisleşdirýär we tutulýan maksatlary barha rowaçlyklara göterýär diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar gurmak, döretmek ýoly bilen Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, kämil bilimli, sagdyn bedenli we zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, röwşen geljegi üpjün etmek ýaly asylly maksatlary durmuş ýüzünde ähli zatdan ileri tutýan, milletimiziň başyna bagt guşy bolup gonan, her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan, ýaşlarymyzyň şu güni bilen geljegimiziň bagtyýar bolmagyny we gazanmagy ündeýän hem-de ähli taraplaýyn görelde bolýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.