Hoşallyk maslahaty geçirildi.

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň asyl nusgasynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar, hormatly il ýaşululary gatnaşyp, olar özleriniň çykyşlarynda türkmen saz sungatynyň hak howandary bolan Gahryman Arkadagymyzyň golaýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana bagşy!” ady bilen bäsleşik yglan etmek hakynda Karara gol çekendigini, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirmek hem-de şu ýylyň sentýabr aýynda jemlemek we ýeňijileri sylaglamak göz öňünde tutulýandygyny belläp, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň özboluşlylygyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekligiň, milli gymmatlyklar arkaly milliligimize söýgi döretmekligiň beýik nusgasydygyny nygtadylar.

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY