Bilimli Nesil Kuwwatly Watan.

Hormatly Prezidentimiz öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda we taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň kämil bilim ulgamy döredilip,ýaş nesillermiziň döwrebap bilim almagy,ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagy,beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar we ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň bilimiň mazmunyny kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak baradaky aladalary netijesinde döwrebap enjamlaşdyrlan umumy bilim berýän mekdeplerde ýaş nesle döwrüň  ösen talaplarna laýyk derejede bilimdir terbiýe berilýär.Ýurdumyzda ylmy we bilmi ösdürmek boýunça alynyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw,joşgun bilen okamaga goltgy berýär,olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň halkara bilim, taslama we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstündikleriniň ýylsaýyn artmagy hem Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir,  Ýurdumyzda bilim edaralarynda Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna üstünlikli amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar .Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň her bir raýatynyň azyndan üç dili ene dilini,iňlis dilini we rus dilini kämil bilmeklerini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýýan strategik wezipesinden  ugur alnyp, umumybilim berýän mekdeplerde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri üçin maksatlaýyn işler geçirilýär. Türkmenistanyň bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ösüp gelýän ýaş nesliň dil we medeni bilimleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmak, mekdep okuwçylaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmek we zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriň  8-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň arasynda Halkyň Arkadagly zamanasy diýen temada iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşik yglan etdi.Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemini jemlendi.Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan işler gatnaşdyryldy.Bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda tapawutlanan düzmeler ýeňiji diýip yglan edildi we ýeňiji bolan düzmeleri ýazan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Bägül BEKÇIÝEWA

TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY